Usuly iş maslahaty geçirildi
2024-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde Işgärler bölüminiň guramagynda işgärler bölümleriniň işinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň we kämilleşdirmegiň meseleleri we beýleki durmuşa geçirilmeli işler barada usuly iş maslahaty geçirildi. Maslahata ministrligiň we garamagyndaky edara-kärhanalaryň Işgärler bölümleriniň ýolbaşçylary, jogapkär hünärmenleri gatnaşdylar.
Iş maslahatynda ýerlerde Işgärler bölümleriniň işleriniň guralyşy, olaryň dolandyrylyşyny guramagyň kadalary, bölümleriň işine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň we bu ugurdaky işleri kämilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olar boýunça tejribeler alşyldy.
Maslahatyň dowamynda ministrligiň Işgärler bölüminiň başlygy H. Gurbangeldiýewa, Sanly ulgamy we elektron senagatyny ösdürmek müdirliginiň başlygynyň w.w.ý.ý. D. Kurbanow, Işgärler bölüminiň baş hünärmeni Ş. Hojageldiýew we beýlekiler çykyş edip, işgärler bölümleriniň öňünde durýan esasy wezipeler, işleriň guralyşy we dolandyrylyşy, bölümlerde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň zerurlygy, iş hem-de resminama dolanyşygynyň guralyşy we ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Okuw maslahatynda çykyş edenler Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de halk hojalygynyň beýleki ulgamlarynda, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalarda we guramalarda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, şol sanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamynyň we internet web saýtlarynyň döredilmegi hem-de olaryň işe girizilmegi ähli ugurdaky işleriň ilerlemegine itergi berdi diýip bellediler. Ministrlikde bu möhüm çäreleriň ilkinjileriň hatarynda amala aşyrylmagy beýleki müdirlikler we bölümler bilen bilelikde işgärler bölümleriniň işini hem talaba laýyk hilde guramaga, edara-kärhanalaryň işini dolandyrmagyň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Işgärler bölüminiň baş hünärmeni Ş. Hojageldiýew öz çykyşynda işgärler bölümlerinde maglumatlar merkezini döretmegiň, hasabatlary hem maglumatlary dürs we dogry ýöretmegiň ýollary, işgärleriň şahsy maglumatlaryny talaba laýyk saklamak maksady bilen, işgärler bölümleri üçin täze döredilen elektron programma üpjünçiligine işgärleriň şahsy maglumatlarynyň girizilişi we maglumat gorlarynyň döredilişi barada usuly taýdan we wideoşekilleri ulanmak arkaly giňişleýin düşündirdi.
Şeýle hem çykyş edenler işgärler bölümlerinde alnyp barylýan işler, öňde durýan esasy wezipeler we olary ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada durup geçmek bilen, işleri talaba laýyk alyp barmak hem-de kämilleşdirmek netijesinde ministrligiň ulgamyny ýokary derejeli, döwrebap hünärmenler bilen üpjün etmek barada aýratyn nygtadylar.
Usuly iş maslahatynyň ahyrynda ministrligiň edara-kärhanalarynyň Işgärler bölümleriniň işgärleri işleri guramak boýunça öz tejribeleri barada çykyş etdiler hem-de sorag-jogap alyşma guraldy, şeýle-de maslahata gatnaşyjylar onuň täsirli we guramaçylykly geçendigini bellediler.