Zähmeti goramak gulluklarynyň işini kämilleşdirmek meselesi üns merkezinde
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, raýatlaryň okamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy, jan saglygyny goramagy üçin ähli şertler döredilýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän ajaýyp zamanamyzda adam hakdaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy özenini düzýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler jaýynda ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölümleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda «Işgärleriň zähmetini goramak – möhüm wezipe» atly bir günlük okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyny ministrligiň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölümi gurady.
«Işgärleriň zähmetini goramak – möhüm wezipe» atly okuw maslahatynda çykyş eden Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy A. Seýidow 2024-nji ýylda zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünlerine we kadalaryna laýyklykda, pudakda ýerine ýetilen işler hem-de 2025-nji ýylda bu ugurda öňde durýan wezipeler we durmuşa geçirilmeli çäreler, şeýle-de jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek hem-de edara-kärhanalarda zähmetkeşler üçin howpsuz we amatly iş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada belledi.
Okuw maslahatynyň dowamynda çykyş eden ministrligiň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň baş hünärmeni R. Adinow kärhanada zähmeti goramak gullugynyň işiniň guralyşy, gullugyň wezipeleri we borçlary, kärhananyň düzüm birliklerinde zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça çäreleriň geçirilişi, bu ugurda işgärleriň okadylyşy, gözükdirmeleriň we bilim barlaglarynyň geçirilişi barada gürrüň berdi.
Bulardan başga-da okuw maslahatynda öňde durýan wezipelere we zähmet kanunçylygyna laýyklykda, önümçilikde howply ýagdaýlary duýdurmak, talaba laýyk zähmet şertlerini we tehniki howpsuzlygy üpjün etmek, işgärleriň janyny we saglygyny goramak, elektrik, gaz hojalyklarynda howpsuzlygy, şeýle hem ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjäý etmek üçin ähli zerur işleriň amala aşyrylýandygy bellenildi. Pudakda döwrebap tehnikalaryň we tehnologiýalaryň önümçilige barha köp ornaşdyrylmagy netijesinde zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça kadalaryň, düzgünleriň talaplarynyň berk berjaý edilmegi baradaky meseläniň ähmiýetiniň has-da artýandygy hem-de şunuň bilen baglylykda işgärleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmegiň, zähmeti goramagyň we tehniki howpsuzlyk boýunça bilimlerini ýokarlandyrmagyň zerurlygy hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegiň möhümdigi barada aýdyldy.
Okuw maslahatynyň ahyrynda ministrligiň edara-kärhanalarynyň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça hünärmenleri öz alyp barýan işlerini guraýyşlary barada tejribe alyşdylar hem-de sorag-jogap alyşma guraldy, şeýle-de maslahata gatnaşyjylar onuň täsirli we guramaçylykly geçendigini bellediler.