Güýzki bag ekmek dabarasyna badalga berildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, berkarar Watanymyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine uly goşant goşýar we halkymyzyň özboluşly tebigatymyza bolan buýsanjyny artdyrýar.

Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak, daşky gurşawy goramak, şeýle-de «Türkmenistanyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, her ýyl saýaly, pürli, miweli agaç nahallarynyň we üzümiň millionlarça düýbi oturdylýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Garaşsyz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada uly wezipeleri öňde goýmak bilen, olaryň üstünlikli berjaý edilmegine çäksiz goldaw berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda çykaran «Türkmenistanda 2024-nji ýylda bag ekmek hakyndaky» 867-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýyl gözel paýtagtymyzda we ähli welaýatlarda ýazky bag ekmek möwsümi gyzgalaňly geçirildi.  

Häzirki dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda has hem giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Şu ýylyň 9-njy noýabrynda tutuş ýurdumyz boýunça ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda badalga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan bu asylly çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli dessurlarynyň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini alamatlandyrýar. 

Bu günde başlanan güýzki bag ekişligiň hem esasy maksady mähriban Watanymyzyň tebigatyny has gözelleşdirmekden, daragtlaryň, ösümlikleriň nahallaryny oturdyp, ekologik durnuklylygy gowulandyrmakdan ybarat bolup durýar.

Her ýylda guralýan bu möhüm çäre ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Şu ýylda tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy watandaşlarymyzyň joşgunly zähmetiniň hakyky baýramçylygyna, türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde türkmen halkynyň ruhubelentliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. 

Ýurdumyzda geçirilen bag ekmek çäresine halk hojalygynyň beýleki ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de bu çärä gatnaşan ildeşlerimiz bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň we garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri hem işjeň gatnaşdylar. 

Agaç nahallaryny oturtmak boýunça güýzki möwsümiň badalga berlen gününde ministrligiň edara-kärhanalarynyň Aşgabat şäherinde hem-de töwereklerinde, Ahal welaýatynyň Bäherden, Gökdepe we Ak bugdaý etraplarynda ýerleşýän bag meýdanlarynda we tokaý zolaklarynda  saýaly, pürli agaç nahallary oturdyldy. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň töwereklerindäki hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky bag meýdanlarynda 50 müňe golaý baglara ideg edildi.  

Ekologiýa abadançylygynyň möhüm şerti bolan köpçülikleýin bag ekmek çäreleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň biri boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň altyn güýzünde badalga alan bu döwletli işler ajaýyp zamanamyza täze görk berip, mähriban halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy.