Bäsleşigiň jemi jemlenildi
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy gülledip ösdürmek, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, geljekde halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletimiziň halk hojalygynyň her bir pudagynda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär we uly zähmet üstünlikleri gazanylýar.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň iş alyp barýan ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň hem ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitlerde öz mynasyp paýy bar. Geňeş tarapyndan kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň işgärleriniň göreldeli zähmetini dabaralandyrmak, olary geljekki zähmet üstünliklerine höweslendirmek we ruhlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri, ýygnaklar, maslahatlar, duşuşyklar, dabaralar hem-de beýleki çäreler yzygiderli we guramaçylykly geçirilýär.
Şeýle çäreleriň biri hem üstümizdäki ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda geçirilen «Halal zähmet-ganatym, ajap durmuş-halatym!» atly hünär bäsleşigidir.
Ýakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda giňden bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli hem-de şu ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşmak bilen oňat netijeleri gazanan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärhanalarynyň göreldeli işini, gazanan netijelerini hem-de hünär ussatlygyny görkezmek bilen tutanýerli we yhlasly işlän zähmet ulgamynyň öňdebaryjylaryny dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan bilelikde yglan edilen «Halal zähmet-ganatym, ajap durmuş-halatym!» atly hünär bäsleşiginiň jemi jemlenildi.
Döwrüň ösen talaplaryndan ugur alnyp geçirilen bu bäsleşikde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärhanalarynyň arasynda 1-nji orna «Lebap» sement zawody, 2-nji orna «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy we 3-nji orna Gökdepe kän müdirligi mynasyp boldular. Şeýle hem işgärleriň arasynda 1-nji orny «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň Merkezi barlaghana we hil gözegçilik bölüminiň laborant barlagçysy Oguljemal Begenjowa, 2-nji orna Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň Mehaniki-abatlaýyş sehiniň kebşirleýjisi Allamyrat Bekiýew hem-de 3-nji orna «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Elektrik sehiniň ýokary woltly hojalygynyň Awtomatika we elektrostansiýalaryň ölçeýji serişdelerini abatlamak we hyzmat etmek boýunça elektroslesary Timur Abdukadyrow eýelemegi başardylar.
Şu ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezinde «Halal zähmet-ganatym, ajap durmuş-halatym!» atly hünär bäsleşiginiň ähli tapgyrlaryna işjeň gatnaşyp, oňat netijeleri gazanmak bilen öňdäki orunlary eýelän edara-kärhanalaryň göreldeli işini we gazanan netijelerini hem-de hünär ussatlyklaryny görkezmek bilen, ýeňiji bolanlary sylaglamak dabarasy boldy hem-de olara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hormat hatlary hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabaraly ýygnagyň dowamynda Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirijileriniň çykyşlary guraldy.