Şöhratly taryhyň beýany
2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, işgärleriniň, ýaşlaryň, il sylagly ýaşulularyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň täze çapdan çykan «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabarada çykyş edenler «Тäze zamanamyzyň şeýle uly rowaçlyklara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çeper döredijilige gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, däp bolşy ýaly, zähmet rugsadynda – dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgul bolup, bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüljek «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny ýazmagy, bütin halkymyz üçin gymmatly sowgat boldy. Aýratyn-da Gahryman Arkadagymyzyň täze ýazan kitabynyň ilkinji nusgasyny pederlerimiziň miras galdyran gymmatlyklaryna çäksiz sarpa goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza hormat bilen ibermegi, hormatly Prezidentimiziň hem şeýle ajaýyp eseri döredendigi mynasybetli Milli Liderimize mähirli Gutlagyny ýollamagy mähriban halkymyzyň dowamatlylyk däplerini we mertebe binýadyny belende göteren ýene bir ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy» diýip bellediler.
Täze ajaýyp kitapda halkymyzyň bütin taryhyň dowamynda döreden we häzirki nesillere miras galdyran milli gymmatlyklary, şan-şöhratly ýoly, geçmişde uly yz galdyran şahsyýetler barada söhbet edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen «Hakyda göwheri» atly täze ajaýyp kitaby girişden we iki sany uly bapdan ybarat bolup, onuň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly taryhymyz we şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň berilýär. Şeýle hem kitabyň «Ruhy miras» atly ikinji babynda milli mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni gymmatlyklaryň köp dürlüligine üns çekilýär.
Dabara gatnaşyjylar «Milli Liderimiziň halkymyza peşgeş beren, taryhy maglumatlara baý we ylmy nukdaýnazara ýugrulan bu eserinde türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin, düşnükli, çeper beýan edilýär. Halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy medeni, ruhy däp-dessurlary baradaky maglumatlary özünde jemleýän bu kitap şu günki we geljekki nesiller üçin gymmatly gollanma bolar» diýip nygtadylar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehininden döreýän dürdäne eserler biziň her birimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr, geljekki nesillerimiz üçin gymmatly hazynadyr. Eserde beýan edilýän halkymyzyň şöhratly taryhy, döredijilik mirasy halkymyz üçin paýhas çeşmesidir. Çünki olarda biziň nähili belent ruha eýedigimiziň, beýik şahsyýetleri kemala getirip, uly döwlet gurup, dünýä taryhyna neneňsi uly goşant goşandygymyzyň beýany bar.
Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly baý mazmunly kitabyny okanyňda, türkmen topragynyň dünýä siwilizasiýasynyň öňe ilerlemegine, umumadamzat medeniýetiniň ösmegine uly itergi beren täzeçil pikirleriň, iri taslamalaryň, beýik şahsyýetleriň, taryhy başlangyçlaryň dörän mekany bolandygyna ýene bir ýola aýdyň göz ýetirýärsiň.
Dabara gatnaşanlar «Hakyda göwheri» atly bu ajaýyp eseriň ildeşlerimiz üçin olaryň her biriniň işinde we durmuşynda gymmatly gollanma boljakdygyna berk ynanýandyklaryny belläp, täze ajaýyp kitabynyň neşir edilmegi bilen Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlap, galamynyň ýiti, ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, beýik işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.