Sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-njy dekabrynda Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşandyny goşmak arkaly dürli ulgamlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan raýatlarymyzy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamak dabaralary geçirildi.
Şeýle dabaralaryň biri hem Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylarynyň, işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, ýaşlaryň we medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirildi.
Dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary gatnaşdy. Ol ýygnananlary Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli gutlady hem-de halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Sylaglananlaryň hatarynda ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, gurluşyk, senagat we gurluşyk önümçiligi, ýol gurluşygy pudaklarynyň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň öňdebaryjy işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we döredijilik işgärleri bar. Bu sylaglamak dabarasy Watana ak ýürekden hyzmat etmekde öz tejribelerini, bilimlerini, zehinini bagyş edýän ussat hünärmenlere we işgärlere ýurdumyzda uly hormat-sarpa bilen garalýandygynyň ýene-de bir aýdyň güwäsine öwrüldi.
Dabarada «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşan bilen sylaglananlar sylaglaryny ýüzlerine sylyp kabul etdiler we halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine çeken zähmetlerine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, olar bu sylaglaryny häzirki bagtyýar günümizi we nurana geljegimizi gurýan ähli ildeşlerimiz bilen paýlaşýarlar. Dabaralara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza iň oňat arzuwlaryny aýdyp, öz ähli güýç-kuwwatyny, ukyp-başarnyklaryny giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga bagyşlajakdyklaryna ynandyrdylar. Şol özgertmeler halkymyzyň agzybirligini we jebisligini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, jemgyýetde durnuklylygy üpjün etmäge, Watanymyzyň rowaçlygyna gönükdirilendir.
Bu günki sylaglamak dabarasy Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda sylaglara mynasyp bolanlar üçin ýatdan çykmajak ajaýyp waka öwrüldi.
Dabarada aýdym-saz ýaňlandy. Sungat ussatlarynyň çykyşlarynda halkymyzyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna, hormatly Prezidentimize buýsanjy şahyrana dilde, hoş owazlaryň üsti bilen beýan edildi.