Mynasyplara baýraklar gowşuryldy

Halkara derejesinde ösüşleri özlerine ýar eýlän ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş ulgamynyň gündelik işlerinde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly düýpli işler durmuşa geçirilýär. Aslynda ykdysadyýeti ösdürmegiň innowasion ýoluny sanly tehnologiýalary ornaşdyrmazdan göz öňüne getirmek hem mümkin däl. Şol sebäpli milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryna döwrebap tehnologiýalary, hususan-da, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak gaýragoýulmasyz meseleleriň biridir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 2-nji martynda kabul eden Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022 ― 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda maglumat howpsuzlygy boýunça «Kiberbäsleşik» çäresini geçirmek şol döwürden bäri eýýäm däbe öwrülen bäsleşiklerdendir. Bu resminama laýyklykda, 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň utgaşdyrmagynda aprel-oktýabr aýlarynda üç tapgyrda «Kiberbäsleşik» çäresi geçirildi. Döwlet derejesinde geçirilen bu bäsleşiklere gatnaşan ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenleri, ministrligiň kiberhopsuzlyk boýunça baş hünärmeni Eziz Hydyrow, Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni Mekan Mämmedow, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň ölçeg-barlag enjamlary we awtomatika bölüminiň maglumatlary goramak boýunça inženeri Serdar  Gurbangeldiýew üçünji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bu hünärmenler döwlet derejesinde geçirilen bu bäsleşige gatnaşmak üçin ilki Gurluşyk we senagat toplumynda geçirilen şeýle çärede ýeňiş gazandylar.

Bu çäre mynasybetli ministrligiň mejlisler zalynda geçirilen çärede çykyş edenler bu ugurda şeýle netijäni gazanmak üçin edilen işler, geçirilen we geçirilýän çäreler, dolandyryş ulgamynyň gündelik işlerinde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryna döwrebap tehnologiýalary, hususan-da, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça guralýan  gaýragoýulmasyz meseleler hakynda birin-birin çykyş etdiler. Çäräniň soňunda Aýti meýdançasynda geçirilen ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan ministrligiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň hünärmenleri Eziz Hydyrowa, Mekan Mämmedowa we Serdar Gurbangeldiýewe hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy.