Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk açylyş dabaralary

Ýurdumyzyň çäginde giň gerimde alnyp barylýan binagärlik işlerine türkmen gurluşykçylary, şol sanda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň demirbeton önümlerini öndürýän kärhanalarynyň zähmetsöýer gurluşykçylary hem mynasyp goşant goşýarlar. Olaryň potratçylyk etmeginde dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyklary ýokary depginde alnyp barylýar, birnäçesi bolsa, öz möhletinde we ýokary hilde gurlup, ulanmaga tabşyrylýar. 

Berkarar döwletimizde giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda, 2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Gurluşyk birleşiginiň potratçylyk etmeginde we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Zerger  «Demirbetonönümleri» zawodynyň kömekçi potratçy bolmagynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Polisiýa bölüminiň Polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugynyň awoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binasy  gurlup, dabaraly açyldy hem-de ulanmaga berildi. 

Şol gün, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynyň ussat gurluşykçylary tarapyndan Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň buýurmasy esasynda gurlan, bu ministrligiň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň Köneürgenç etrap bölüminiň 2 gatly edara binasy we 3 sany 1 gatly 6 hojalyga niýetlenen  ýaşaýyş jaýlary dabaraly açylyp ulanmaga berildi. 

Gysga wagtda gurlan edara binasynda we otaglarynda gullukçylaryň işlemegi üçin ähli şertler döredilipdir, iş otaglary häzirki döwrüň ülňülerine laýyk gelýän zerur enjamlar bilen üpjün edilipdir. 

Ulanmaga berlen ýaşaýyş jaýlarynda hem ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Olar ýylylyk, elektrik, gaz, lagym we suw ulgamy bilen üpjün edilipdir. Binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylyp, çagalaryň oýun meýdançalary we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde gök zolaklar döredilip, dürli güller ekilipdir. 

Desganyň açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygy üçin hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize hoşallyk sözleri aýdyldy. 

Aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam eden dabaralaryň barşynda täze desgalary bina etmekde has tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.