AWAZADA HALKARA SERGI WE MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu ýylyň 3-4-nji noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisi geçirildi. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan guralan giň gerimli sergide gurluşyk we senagat önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, ýol gurluşygy ulgamlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gazananlary, halkara derejesinde meşhur kompaniýalary tarapyndan hödürlenýän ýöriteleşdirilen enjamlary, häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalary giňişleýin sergilendi.                   

 Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Hökümet agzalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň gatnaşmagynda açylyş dabarasyna ak pata berlen serginiň başynda döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna uly orun berildi. Hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. 

Onda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda guralýan halkara serginiň we maslahatyň ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmakda, gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklarynyň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan harytlaryň täze önümçiligini döretmek we bar bolanlarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýedigi bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Awazada geçirilýän bu möhüm çäräniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, toplumyň pudaklaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine hem-de türkmen hünärmenleri bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, iki tarapa hem bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda gazanylýan ägirt uly üstünlikler netijesinde berkarar döwletimiz gülläp ösýär. Bu üstünliklerde milli ykdysadyýetimiziň her bir ulgamynyň, her bir pudagynyň mynasyp paýy bar. Şunda gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklarynda  gazanylýan öňegidişlikler hem örän uludyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hünär baýramy mynasybetli Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine iberen Gutlagynda «Täze taryhy eýýamda gurluşyk we senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi hem-de onuň möhüm düzümleri bolan senagat, gurluşyk, himiýa, energetika we ýolgurluşyk pudaklary ýokary depginler bilen ösýär. Milli we döwlet maksatnamalarynyň, sebit hem halkara ähmiýetli iri taslamalaryň  netijeli   durmuşa   eçirilmeginde   bu    topluma    kesgitleýji   orun degişlidir» diýip belledi. Sergide görkezilen Senagat we gurluşyk önümçiligi, Gurluşyk we binagärlik, Energetika ministrlikleriniň, «Türkmenhimiýa» DK-niň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, ýurdumyzyň we daşary ýurtly kompaniýalaryň oňat bezelen diwarlyklary munuň hakykatdan hem şeýledigini görkezdi.

Serginiň iri pawilyonlarynda yerleşdirilen gurluşyk we senagat toplumynyň düzümine girýän pudaklaryň innowasion tehnologiyalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalarynda öndürilen döwrebap önümler oña gatnaşyjylarda we myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Olar sergä we maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekmek bilen, Garaşsyz döwletimiziň ösüşiň hem rowaçlygyň yoly bilen öne ynamly gadam urýandygyny, ýurdumyzyň dünýäniň kuwwatly we durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrülyändigini görkezdi. 

Häzirki döwürde Diyarymyzda binagärlik keşbinde döwrümiziň döredijilik ruhuny jemleyän täze nusgalyk şäherleriň, şäherçeleriň, döwrebap obalaryň ençemesi guruldy. Şeýle hem olaryň ençemesiniň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Görenleri haýrana galdyrýan Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik pikirleri hem-de öz gözegçiligi esasynda kemala geldi, sanlyja ýylyň içinde tarp yerden sebitde deňi-taýy bolmadyk täze şäher döredi. Bu gün Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň häzirki zaman we kaşaň binalary Merkezi Aziýada ilkinji «akylly» şäher hökmünde bu ýere gelýänlere gujagyny giňden açýar, döwrebap şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary hem ýokary depginde dowam etdirilýär. Arkadag şäheriniň birnäçe abraýly halkara baýraklara mynasyp bolandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Şu halkara forum bilen ugurdaş geçirilen maslahatda-da «akylly» şäheriň ýurdumyzyň gurluşyk we senagat strategiýasynyň çäklerinde gurluşyk işlerini alyp barmakda, gurluşyga innowasion hem-de «akylly» infrastruktura çözgütlerini ornaşdyrmakda durmuşa geçirilýän döredijilikli we netijeli işler üçin ýörite Şahadatnama bilen sylaglanyldy. Bu bolsa öz ýurdumyzda öndürilen gurluşyk materiallaryndan gurlan «akylly» şäheriň nä derejede ýokary derejeliliginden, onuň gurluşygyny alyp baran ildeşlerimiziň ussatlygyndan habar berýär. 

Yurdumyzyň beýleki sebitleri bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbi hem barha özgerýär. Indi gözel paýtagtymyz ýaşamak, işlemek we dynç almak üçin amatly şäherleriň birine öwrüldi. Merjen şäherimizde diňe şu ýylyň oktýabr aýynda dürli maksatly binalaryň we desgalaryň birnäçesi, şol sanda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binalary açylyp ulanmaga berildi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, soňky ýyllarda ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly döwrebap  binalar,  möhüm  önümçilik  desgalary  gurlup  halkymyzyň  hyzmatyna berildi. 2024-nji ýylda işe girizilen Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Lebap we Bäherden sement zawodlarynyň ikinji tapgyrlaryny, şu şanly ýylda açylyp ulanmaga berlen «Bäherden» keramiki kärhanasyny hem-de paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde gurlup ulanmaga girizilen Çüýşe önümlerini öndürýän önümhanany hem şeýle önümçilik desgalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, şu şanly ýylyň 15-nji oktýabrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň, şeýle hem 2-nji noýabrda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde karbamid öndürýän toplumyň hem-de «Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhedi»  awtomobil ýolunyň «Türkmenbaşy – Garabogaz» böleginiň gurluşyklarynyň düýbi tutuldy. Şeýle  hem bu günde Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi işe girizildi. 

 Halkara sergi bilen ugurdaş geçirilen maslahatyň dowamynda oňa gatnaşan gurluşyk we senagat toplumynyň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, mejlise gatnaşyjy beýleki hünärmenleriň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde giň mümkinçiliklerden peýdalanmak, ýurdumyzyň senagatyny ösdürmek, toplumyň ugurlaryna maýa goýumlaryny çekmek hakyndaky pikirler, öňdebaryjy kompaniýalaryň innowasion tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan döwrebap kärhanalary gurmak, ozaldan bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, döwrebaplaşdyrmak, import we eksport ugurly harytlaryň önümçiligini ýola goýmak baradaky  çykyşlary diňlenildi. 

Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň 3 sany iri kompaniýalarynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara, soňra «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň we Ýaponiýanyň kompaniýalarynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara, şeýle hem Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama we Ýaponiýanyň kompaniýasy bilen Çarçuwaly Ylalaşyga gol çekişlik dabaralary boldy.

Halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramyny geçirmäge beren goldaw-hemaýatlary hem-de toplumyň pudaklarynyň has-da ösdürilmegi we milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk hem kuwwatlanmagy üçin özleriniň tutanýerli we yhlasly zähmeti bilen mynasyp goşant goşmaga döredip berýän mümkinçilikleri we şertleri üçin hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirilip, alkyş sözleri beýan edildi hem-de olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak we berkarar döwletimiziň gülläp ösmegi hem-de mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan tutumly işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.