Halk Maslahaty — agzybirligiň we jebisligiň nyşany
Her ýyl agzybir halkymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň baş baýramyny uly buýsanç we ruhubelentlik bilen garşy alýar. Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi jemgyýetçilik agzybirliginiň, demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygyny alamatlandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynayşmak ýylynyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik wekilleri, beýleki adamlar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Garaşsyz döwletimizde gazanylan üstünlikleriň netijeleri jemlenildi, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiziň forumdaky çuň manyly çykyşynda Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 34 ýylynda ýurdumyzyň ýeten sepgitleri, şeýle hem geljekde ähli ugurlar boýunça amala aşyryljak tutumly maksatnamalar öz beýanyny tapdy.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň biri-biri bilen berk baglanyşykly milli buýsanjymyzdyr, parahatçylygyň, ynanyşmagyň şöhratly ýoludyr. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň mizemezliginiň, jebisligimiziň, ähli rowaçlyklarymyzyň esaslaryny düzýän taglymatymyzdyr. Garaşsyzlygymyzy berkitmek, hemişelik Bitaraplygymyzy Ýer ýüzünde dabaralandyrmak boýunça geçen ýolumyza nazar aýlanymyzda, her bir üstünligimiziň aňyrsynda Watana bolan söýgimiziň, halal zähmetimiziň, yhlasymyzyň ýatandygyny unutmaly däldiris diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda şu günümiziň we geljegimiziň aýdyň bolmagy üçin ägirt uly işler bitirildi, belent sepgitlere ýetildi. Bu gün Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlary has-da berkidilýär.
Bu taryhy maslahatda oňa gatnaşyjylaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Bellenilişi ýaly, täze eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleri esasynda ýurdumyzda taryhy işler amala aşyrylýar, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, zähmet çekmegi üçin iň gowy şertler döredilýär, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýy barha artýar.Parahat durmuşymyz, eşretli zamanamyz Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, ýadawsyz zähmetiniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gündelik aladalarynyň ajaýyp miweleridir. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar. Bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy we onda maksatnamalaýyn çykyş etmegi umumymilli forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilendigini, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny belent derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, belent tutumlary bilen ata Watanymyzyň kuwwatly döwlete öwrülendigini belledi hem-de parahatçylygyň we dostlugyň ýurdy, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha pugtalanýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz çuň manyly çykyşynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda gurluşyk we senagat toplumynda durmuşa geçirilýän işler barada-da durup geçdi. Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Toplumyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertler döredilýär. Şu ýyl Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden keramiki önümler kärhanasy, paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän senagat toplumynyň çäginde bolsa çüýşe önümlerini öndürýän önümhana ulanmaga berildi. Bu desgalaryň işe girizilmegi täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.
Himiýa senagatynda täze önümçilikleri döretmek boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda himiýa senagatynyň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumy, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynyň düzüminde mineral dökünleri öndürýän toplumy, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän zawody gurmak meýilleşdirilýär.
Daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ygtybarly ibermek, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda döwrebap, köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi energetika pudagynyň mümkinçiliklerini has-da artdyrar. Häzirki wagtda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.
Awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň gurluşygy dowam edýär. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygy alnyp barylýar. Ýakyn wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açylyp ulanmaga berler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz gurluşyk we senagat toplumynda innowasion häsiýetli kärhanalary, täze önümçilikleri döretmegiň geljekde hem dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow jemleýji sözi bilen çykyş etdi we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi. Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlandy.