Pudagyň guwandyryjy üstünlikleri
Şu ýylyň 13-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi we onuň dowamynda ykdysadyýetiň pudaklarynda geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, 12 aýyň dowamynda Garaşsyz Diýarymyzy ykdysady taýdan ösdürmek barada kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi hem-de 2026-njy ýylda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrleriň, welaýat häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem guramaçylyk meselelerine seredildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary gurluşyk we senagat toplumynda geçen ýylyň dowamynda alnyp barlan işleriň jemi barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, hasabat döwründe toplum boýunça öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 101, 9 göterim ýerine ýetirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärhalarynda öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,7 göterim berjaý edildi.
2026-njy ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde geçirilen maslahatda hem geçen ýylyň jemlerine garaldy we öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Onda çykyş edenleriň hasabatlaryndan görnüşi ýaly, 2025-nji ýylda ministrlik boýunça 4 245,347 müň tonna sement öndürilip, 140,9 göterim ösüş depgini gazanyldy. Sement önümini öndürmek işleri aýratyn hem «Bäherden» sement zawodynda ýokary depginde alnyp baryldy. Ýagny, 2025-nji ýylyň 12 aýynda bu zawodda 1 845,030 müň tonna sement öndürilip, önümçilik meýilnamasy 100,3 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 175,9 göterime barabar boldy. Şeýle hem önüm öndürmekde «Balkan» sement zawodynda 102,8 göterim, «Lebap» sement zawodynda hem 136, 8 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Ministrligiň magdan däl gurluşyk materiallaryny öndürýän kän müdirliklerinde we hojalygynda gurluşyklar üçin zerur bolan bu önümi öndürmegiň ösüş depgini gazanyldy. Geçen ýylda tutuş ministrlik boýunça 14074,76 müň metr kub magdan däl gurluşyk önümleri öndürilip, ösüş depginiň berjaý edilişi 113,6 göterime deň boldy. Şol sanda Gökdepe kän müdirliginde önümçilik meýilnamasy 102,8 göterim ýerine ýetirildi we 106,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şeýle hem Kaka kän müdirliginde meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 100,3 göterime we ösüş depgininiň üpjün edilişi 104,3 göterime barabar boldy. Önümçilik meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi Balkan we Köýtendag kän müdirliklerinde degişlilikde 106,0 hem 108,0 göterime hem-de ösüş depgini 112,3 we 129,7 göterime deň boldy. Galaýmor kän hojalygynda iş meýilnamasy 101,1 göterim ýerine ýetirilip, 121,0 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Ministrligiň gurnama demirbeton önümlerini öndürýän kärhanalaryny öňdebaryjy kärhanalaryň hatarynda görkezmek bolar. Bu kärhanalarda 190283,1 metr kub demirbeton önümleri öndürilip, ýyllyk meýilnama 137,9 göterim ýerine ýetirildi. Aýratyn hem Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda önümçilik meýilnamasy 214,0 göterim ýerine ýetirildi. Bu zawodda işleriň ösüş depgini 103,6 göterime barabar boldy. Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasynda ýyllyk meýilnama 177,2 göterim ýerine ýetirildi we 106,0 göterim ösüş depgini gazanyldy. Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynda önümçilik meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi 128,9 göterime deň boldy. Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynda önümçilik meýilnamasy 155,3 göterim ýerine ýetirildi. Bu kärhanada işleriň ösüş depgini 128,1 göterime barabar boldy. Şeýle-de Aşgabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasynda ýyllyk meýilnama 119,7 göterim, Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynda 111,7 göterim we Büzmeýin etrabyndaky «Demirbetonönümleri» kärhanasynda hem 102,2 göterim ýerine ýetirildi.
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda we «Demir mehanika» kärhanasynda önümçilik meýilnamasy 100,2 göterim ýerine ýetirildi we degişlilikde 122,3 hem 100,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. «Nebitmaş» döwlet kärhanasynda bu görkezijiler 100,0 göterime deň boldy. «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda düz aýna önümleriniň öndürilişiniň meýilnamasy 106,4 göterim ýerine ýetirildi we 106,6 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şeýle hem Ýaşlyk keramzit zawodynda önümçilik meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi we ösüş depgininiň üpjün edilişi 100,0 göterime deň boldy.
Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny mundan beýläk has-da ösdürmek, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda ýurdumyzda uly buýsanç bilen bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny täze zähmet üstünlikleri bilen garşylamak üçin yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.