Sowgat gowşuryş dabarasy geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda zenanlara aýratyn sarpa goýulýar. Bahar paslynyň ilkinji günlerinde mährem zenanlarymyzyň baýramy bolan — 8-nji mart — Halkara zenanlar güni ýurdumyzda giňden bellenip geçilýär. Bu ajaýyp baýram mynasybetli sekiz we ondan köp çagaly enelere hormatly Prezidentimiziň adyndan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylýar. Zähmetde tapawutlanan zenanlara hormatly atlar dakylýar, Şa serpaýlary ýapylýar. Ähli ýerlerde dabaraly çäreler geçirilip, edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlara, okuwçy we talyp gyzlara, şeýle-de çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul we gymmat bahaly sowgatlar, gül desseleri dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. 

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler jaýynda hem şu ministrlikde hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde zähmet çekýän gelin-gyzlara hormatly Prezidentimiziň pul we gymmat bahaly sowgatlaryny, gül çemenlerini gowşurmak dabarasy boldy hem-de ol toý ruhuna beslendi. Dabarada baýramçylyk gutlaglary aýdyldy, ýurdumyzda zenan sarpasynyň belentligi, döwlet Baştutanymyzyň şanly sene mynasybetli zenanlara pul sowgadyny gowşurmak boýunça gol çeken resminamasynyň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle-de ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde ata-babalarymyzyň asylly däplerini mynasyp derejede dowam etdirýän, zenanlara çäksiz hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri beýan edildi.     

Döwlet Baştutanymyzyň pul sowgatlarynyň gowşurylmagy pudakda göreldeli zähmet çekýän gelin-gyzlaryň şatlygyna şatlyk goşdy. Olar eşretli döwri peşgeş beren, özleri üçin yhlasly zähmet çekmäge ähli şertleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.