Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji günlerinde ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berildi. Geçirilmegi däbe öwrülen bu giň göwrümli çäräniň esasy maksady halkymyzyň rahat durmuşyny üpjün etmekden, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakdan ybaratdyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi ýola goýlan bu möhüm biraýlygyň çäklerinde her ýylda ýurdumyzyň bilim edaralarynda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda bu ugra degişli dürli çäreler guralyp, köpçülige ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegiň kadalary düşündirilýär, peýdaly maslahatlar berilýär, wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.
Şeýle çäreleriň biri şu ýylyň 4-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler jaýynda şu ministrligiň hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň merkezi edaralarynyň we garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri çykyş edip, ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi we bu möhüm çäräniň ähmiýeti, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek hem-de ýol hereketi bilen bagly ýüze çykýan kanun bozulmalar, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgeleri we milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemek ýaly meseleleri nygtamak bilen degerli maslahatlary berdiler.
Çykyşlaryň dowamynda häzirki wagtda ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, döräp biläýjek ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we olary düýpli azaltmak boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygy, ýol hereketine sürüjiler bilen bir hatarda, pyýadalaryň hem işjeň gatnaşýandygy, şonuň üçin her bir raýatyň ýol hereketiniň düzgünlerini bilmeginiň zerurdygy bellenildi. Şeýle hem ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmeginiň ähmiýeti barada aýdylyp, raýatlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky düşünjelerini artdyrmaklaryna, degişli kadalary gowy öwrenmeklerine we olara jogapkärli garamaklaryna, ýollarda, jemgyýetçilik ulaglarynda özlerini medeniýetli alyp barmaklaryna, netijede ýol-ulag hadysalarynyň has-da azalmagyna ýardam berýändigi barada bellenildi.
Bulardan başga-da çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurulýan dünýä ülňülerine laýyk gelýän aýna ýaly ýollar oba-şäherlerimizi has-da gözelleşdirýär, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek bolsa, ilkinji nobatda her bir adamyň öz howpsuzlygy üçin wajyp bolup durýar, şonuň üçin hem tutuş ýurdumyzda geçirilýän biraýlygyň üstünlikli geçirilmegine goşant goşmak her bir raýatyň borjudyr diýlip nygtaldy.
Çäräniň ahyrynda ýol hereketiniň kadalary, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda raýatlaryň jogapkärçiligi barada sowal-jogaplar alşyldy.