Belent sepgitler, möhüm wezipeler
1-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň ýedi aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisiň dowamynda beýleki çykyş edenler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary hem toplumda şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe gurluşyk-senagat toplumy tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 123,9 göterim berjaý edildi. Şol sanda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 131,8 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle hem 2-nji awgustda geçirilen pudaklaýyn maslahatda 2026-njy ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi hem-de hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatda edara-kärhanalarda alnyp barlan işler, önümleri öndürmek we işleri ýerine ýetirmek boýunça bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi, ösüş depgininiň üpjün edilişi barada hasabatlar diňlenildi.
Hasabat döwründe ministrligiň sement zawodlarynda 2 647,9 müň tonna sement öndürilip, meýilnama 102,4 göterim ýerine ýetirildi we 109,7 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şunda Lebap sement zawodynda meýilnama 110,4 göterim ýerine ýetirilip, 133,5 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şeýle hem ýanwar-iýul aýlarynda ministrligiň kän müdirliklerinde we hojalyklarynda magdan däl gurluşyk materiallarynyň jemi 7 027,8 müň metr kuby öndürilip, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 122,6 göterime deň boldy we 108,4 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Ähli kän müdirkilerde we kän hojalykda önümçilik meýilnamalary artygy bilen ýerine ýetirildi we ösüş depgini gazanyldy. Aýratyn hem Köýtendag kän müdirliginde we Gökdepe kän müdirliginde meýilnama degişlilikde 162,6 we 136,7 göterim ýerine ýetirilip, 137,9 we 101,2 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Ýedi aýyň dowamynda tutuş ministrlik boýunça gurnama demirbeton önümleriniň 96 031,9 metr kuby öndürildi. Şunda Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 22 941,6 metr kub gurnama demirbeton öndürilip, önümçilik meýilnama 106,8 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynda we Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda önümçilik meýilnamasy degişlilikde 100,2 we 100,1 göterim berjaý edildi.
Ministrlik boýunça keramzit öndürmegiň meýilnamasy 116,8 göterime we ösüş depgini hem 100,9 göterime deň boldy. Şunda Ýaşlyk keramzit zawodynda 35 600,0 müň kub metr keramzit öndürilip, meýilnamanyň 107,2 göterim ýerine ýetirilendigini we 100,0 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyny bellemek gerek. Bulardan başga-da, Gazbeton öndürýän zawodynda, «Türkmendemirönümleri» we «Nebitmaş» döwlet kärhanalarynda, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda, Demir mehaniki kärhanasynda, «Polimer önümleri» zawodynda, «Türkmenmermer» ÝGPJ-nde önümçilik meýilnamasy doly ýerine ýetirildi we ösüş depgini gazanyldy.
Maslahatda çykyş edenler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýedi aýynda pudakda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň berkarar döwletimiziň göz öňünde tutulan maksatnamalaryna laýyklykda, üstünlikli ösmegini dowam etdirýändigini aýdyň görkezýändigini nygtap, geljekde-de öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylamak ugrunda yhlasly we tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.