Gurluşyk we senagat toplumy: ýetilen sepgitler we ösüşler

2026-njy ýylyň 3-5-nji noýabrynda gözel paýtagtymyzda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi – 2026» atly halkara sergi we maslahat ýokary derejede geçirildi. 

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilen bu giň gerimli forum we sergi gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika we himiýa senagaty, ýol gurluşygy ulgamynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrdy hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri hödürledi. Halkara sergä we maslahata 60-a golaý döwletden 800-den gowrak wekiliň gatnaşmagy durnukly ösýän ýurt hökmünde dünýäde giňden tanalýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmanyň uludygyny görkezdi.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň işewürleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Sergä we maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan gurýan ýurtdur, kuwwatly döwletdir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli gurluşyklar Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň we ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Soňra foruma gatnaşyjylar milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk, senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyrýan sergini synladylar. Täze taryhy döwürde Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary bilen bu pudaklaryň ösüşi okgunly häsiýete eýe boldy. Bu ugurdaky öňdengörüjilikli syýasat we işjeň halkara hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň durnukly ösüşi, ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagy üçin amatly şertleri döredýär.

Sergide gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň diwarlyklaryna möhüm orun berildi. Olarda ýurdumyzyň gurluşyk, elektroenergetika, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, himiýa senagatynda gazanylan sepgitler täsirli beýan edilýär. Bu ugurda degişli döwlet strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly harytlaryň giň görnüşlerini öndürmäge ýöriteleşen döwrebap senagat kärhanalary gurlup, ösen önümçilik düzümi kemala getirilýär hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy depginli alnyp barylýar. Dünýäde ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň biri hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabat Garaşsyz Watanymyzdaky giň gerimli özgertmeleriň nyşanyna öwrüldi. 

Serginiň iri pawilýonlarynda ýerleşdirilen gurluşyk we senagat toplumynyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalarynda öndürilen döwrebap önümler hem serginiň myhmanlarynda uly täsir galdyrdy. Sergide görkezilen gurluşyk önümleri özleriniň ýokary hilliligi we hyrydar söýüjilikliligi bilen tapawutlandy. Olar sergä we maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekmek bilen, Garaşsyz döwletimiziň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe ynamly gadam urýandygyny, ýurdumyzyň dünýäniň kuwwatly hem-de durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrülýändigini görkezdi. 

Sergi bilen ugurdaş geçirilen «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahatyň çäklerinde «Innowasion ösüş we halkara hyzmatdaşlygy, Türkmenistanyň gurluşyk, senagat toplumynyň ösüşiniň geljegi» atly plenar mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada giňişleýin pikir alşyldy Türkmenistanyň gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda täze ösüş meýilleri, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň geljegi plenar mejlisiň esasy mowzugy boldy.

Halkara sergi we maslahat ikitaraplaýyn duşuşyklara baý boldy. Iri halkara kompaniýalaryň we ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen gepleşikler geljekki ylalaşyklar üçin berk binýady döredýär. Duşuşyga gatnaşyjylar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň anyk şertlerini we maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara forumyň çäklerinde ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň we daşary döwletleriň iri kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça resminamalara gol çekildi. Halkara maslahatda şu ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynda» ileri tutulýan wezipeler barada hem aýdyldy. 

Halkara sergä we köpugurly foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramyny geçirmäge beren goldaw-hemaýatlary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirilip, alkyş sözleri beýan edildi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlaryny, şol sanda gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklaryny döwrüň talaplaryndan ugur alyp ösdürmek babatda alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw edildi.