Täze döwrebap önümçilik sehi açyldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetini köpugurly esasda ösdürmek, senagat pudagynyň düzümini pugtalandyrmak hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri giňden ýola goýmak babatda giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti, elektron senagatyny ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmelere Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti mynasyp goşant goşýar. 

Bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň döwlet maksatnamasy» esasynda bu ministrligiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň gatnaşmagynda döredildi. Häzirki wagtda hojalyk jemgyýeti tarapyndan dürli ölçegli Led lampalarynyň, birnäçe görnüşli ýolyşyklaryň we ýol belgileriniň, dürli ölçegli telewizorlaryň, monobloklaryň, planşetleriň, noutbuk kompýuterleriň, split sowadyjylaryň, suw paýlaýjy ulgamynyň, routerleriň, smartfonlaryň, ykjam telefonlaryň, bankomatlar üçin niýetlenen termokagyzlaryň, dürli maksatlara niýetlenen plastik kartlaryň önümçiligi netijeli alnyp barylýar. Şeýle hem öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ýakynda,  berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýunyň uly üstünliklere beslenip bellenilýän günlerinde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň galwanika sehi dabaraly açylyp ulanmaga berildi.  

Bu önümçilik sehi Türkmenistanda galwanizirleme ugry boýunça ilkinji önümçilik desgasydyr. Germaniýanyň «Siemens» we Fransiýanyň «Schneider» kompaniýalarynyň awtomatiki dolandyryş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan önümçilik toplumy, häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär. Onda çig malyň tygşytly we ekologiki taýdan zyýansyz ulanylmagy üpjün edilýär. Bu önümhana sebitde özüniň sinkleýji gazanynyň ululygy boýunça uly taslamalaryň biri hasaplanylýar. 13*1.6*2.5m göwrüme eýe bolan sink gazany bir wagtda 350 tonnadan gowrak gyzgyn sink erginini eredip, 24 sagadyň dowamynda durnukly gyzgyn galwanizirlemek önümçiligini alyp barmaga mümkinçilik berýär. Önümhananyň kuwwatlylygy ýylda 60 000 tonna barabar gara metaly gyzgyn sinklemäge ukyplydyr.

Bulardan başga-da önümçiligiň dowamynda emele gelýän zyýanly himiki zyňyndylaryň (≤5mg/Nm3) we zyýanly tozanlaryň (≤10mg/Nm3) Ýewropa Bileleşiginiň degişli ülňüleri bilen deňeşdirlende, 2-3 esse arassadygy kesgitlenildi we önümhana bu ugurda degişli şahadatnamalar gowşuryldy. Önümçilik prosesiniň hil gözegçiliginiň we tehniki howpsuzlyk talaplarynyň ýagdaýyna hem-de beýleki ähli görkezijilerine awtomatlaşdyrylan ulgamlar arkaly 24 sagadyň dowamynda akylly sensorlaryň üsti bilen onlaýn gözegçilik edilýär. Şu ýerde ulgamlarda talaba laýyk işläp bilmegi üçin degişli işgärler bilen hünär taýýarlygy boýunça okuwlaryň geçirilendigini hem bellemek gerek. 

Galwaniki sehde häzirki zaman gyzgyn sinklemek tehnologiýasy bilen işlenilmegi önümleriň ýurdumyzyň senagat, şäher we oba infrastrukturalarynda, energetika ulgamynda, Hazarýaka sebitleriniň çygly howa şertlerinde we oba hojalyk toplumynyň dürli ugurlarynda ulanylýan gara metallaryň adaty ýagdaýlarda 3-5 ýyla barabar bolan ömrüni 30-50 ýyla çenli uzaldýar.