Hünär baýramy bellenildi

Şu ýylyň 17-nji okýabrynda ýurdumyzda Türkmenistanyň senagat işgärleriniň güni dabaraly bellenildi. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler jaýynda bu baýramçylyk mynasybetli guralan dabaraly maslahata Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdüri Gözel Şagulyýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýetçilik kafedrasynyň müdiri, professor Atajan Burynow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň direktory, himiýa ylymlarynyň doktory Durdymyrat Gadamow, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Erkin Kösäýew, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, ene Ogulgül Annageldiýewa hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň we «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň ýolbaşçylary we işgärleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Dabaraly çärä gatnaşanlar Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň okamagynda hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny şatlyk-şowhun, elçarpyşmalar bilen kabul edip, özleri baradaky aladalary üçin milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler. 

Maslahatda çykyş eden myhmanlar hem-de ulgamyň işgärleri Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda mukaddes Garaşsyzlygy-myzyň türkmen halkyna beren bagtyýar durmuşy, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylanlar, taryhy ösüşler hem-de halk hojalygynyň ähli ugurlarynda, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi hem-de himiýa pudaklarynda hem ýetilen sepgitler, ösüşler barada giňden gürrüň berdiler.   

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler milli senagatymyzyň ösüşiniň hem depginini ýokarlandyryp, halkymyzyň rowaçlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň ata Watanymyzy gülledip ösdürmek, mähriban halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini has-da artdyrmak maksady bilen kabul edýän döwlet ähmiýetli maksatnamalaryny we çykarýan kararlaryny durmuşa geçirmekde, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksportyny artdyrmak, önümleriň görnüşlerini we möçberlerini köpeltmek boýunça işleri giň gerimde amala aşyrmakda, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi hem-de himiýa pudaklaryna uly orun degişlidir. 

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki pudaklary bilen birlikde, ýerli çig malyň binýadynda gurluşyk serişdelerini hem-de himiýa önümlerini öndürýän ulgamlar hem döwletiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ynamly ösüşi üçin senagat we himiýa pudaklaryny has-da ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe senagat ulgamyny ösdürmäge ägirt uly möçberde maýa goýumlary goýberilýär, häzirki döwrüň innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan senagat kärhanalary gurulýar, öňdebaryjy ylma we tejribä esaslanmak bilen, täze önümçilikler döredilýär we kämilleşdirilýär, önümçilige sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar.   Şol bir wagtyň özünde senagat ulgamynyň işläp gelýän kärhanalarynyň durky täzelenýär we olarda häzirki zaman enjamlary oturdylýar.

Maslahatda çykyş eden senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de himiýa senagatynyň zähmetsöýer we öňdebaryjy işgärleri Arkadag Prezidentimiziň daşyna has-da berk jebisleşip, ata Watanymyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, Milli Liderimiziň senagat pudagynyň işgärleriniň öňünde goýýan wajyp wezipelerini gyşarnyksyz ýerine ýetirmek üçin ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar hem-de işleri talaba laýyk alyp barmakda döredýän ähli mümkinçilçikleri, berýän goldawlary we döredýän şertleri üçin Gahryman Prezidentimize tükeniksiz hoşallygyny bildirdiler. 

Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. 

Şeýle hem maslahatyň dowamynda baýramçylyk ruhuny artdyran aýdymçy-sazandalar toparynyň çykyşlary guraldy hem-de berkarar döwletimiziň senagat pudagyny ösdürmekde zähmet üstünlikleri bilen tapawutlananlara, pudagyň ýokary görkezijilerini üpjün etmekde önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de çeken halal, yhlasly zähmeti, ýokary hünär ussatlygy üçin, şeýle hem Senagat işgärleriniň güni mynasybetli önümçiligiň öňdebaryjylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.