Baýramçylyga bagyşlanan çäre
Türkmen halky adalat tuguny baýdak edinen ata-babalarymyzyň ynsanperwerlige ýugrulan ýol-ýörelgelerini, döwlet gurmak, dünýä akyl ýetirmek baradaky pelsepewi pikirlerini hem dowam etdirmek bilen dünýä derejesinde özüni tanadan halk. Has dogrusy hormatly Prezidentimiziň başlangyç-tagallasy bilen Garaşsyzlyk döwründe gazananlary arkaly uly ösüşleri özüne ýaran edinmek bilen özüne hormat goýulmagyny üpjün eden halk. Bu barada hormatly Prezidentimiz özüniň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynyň «Budur türkmen binasy» atly bölüminde: «Şu gün biz Garaşsyzlygymyzy gazanmakda we berkitmekde geçen ýolumyza nazar aýlap, gazanylan her bir üstünligiň aňyrsynda ile-ýurda söýginiň, wepadarlygyň, tükeniksiz zähmetiň, yhlasyň ýatandygyny asla unutmaly däldiris» diýip belleýär. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň döredilmegi, bu ministrligiň dürli ugurlar boýunça gurluşyk materiallaryny öndürýän edara-kärhanalarynyň meýilnamalaryny ýokary derejede ýerine ýetirmek bilen «berekellalara» mynasyp bolýandygy, esasan hem, her ýyl Türkmenistanyň senagat işgärleriniň baýramynyň döwlet derejesinde bellenilmegi Gahryman Arkadagymyzyň bu pudagyň zähmetsöýer işgärlerine nä derejede hormat goýýandygyny görkezýär.
Şu ýylyň 14-nji oktýabrynda bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy geňeşiniň bilelikde guramagynda Bagtyýar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Arkadagyň ýoly bilen» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň tehniki-önümçilik bölüminiň baş hünärmeni Maral Durdyýewa çykyş edip, bu kärhanada daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň görnüşlerini öndürmegi artdyrmak we önümleriň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, aýna we aýna önümlerine halkara bazarynda islegiň barha artýandygy sebäpli bu önümleriň adam saglygyna zyýan bermeýän, ýaşaýyş-durmuşyň hemme ugurlarynda ygtybarly ulanylýan ekologik taýdan arassa görnüşiniň ýola goýlandygy hakynda bellän bolsa, ministrligiň «Türkmenistanyň senagaty» žurnalynyň redaksiýasy bölüminiň başlygy Abdylhalyk Jumadow Arkadag Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty, alym Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynyň, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň täze çykan on üçünji jildiniň gymmatly taraplary barada mysallar arkaly gürrüňler berdi. Şu toýly günlerde redaksiýanyň işgärleriniň alyp barýan işleri, her bir täzeligiň beýan edilişi, türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň, žurnalistleriniň ýurduň, döwlet Baştutanynyň durmuşa geçirmeleri hakynda ýazylýan eserler dogrusynda mysallar getirmek bilen ýygnananlara gürrüň berdi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň daşary ykdysady aragatnaşyklar bölüminiň esasy hünärmeni Aýmyrat Şamuhammedow bolsa eziz Diýarymyzda mineral, himiýa we gazhimiýa önümlerini öndürýän kärhanalaryň işi, hormatly Prezidentimiziň 2007-nji ýylyň 24-nji awgustynda gol çeken «Türkmenhimiýa» döwlet konsernini döretmek we onuň wezipeleri hakynda» Karary bilen tassyklanan «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň esasy wezipeleri, Türkmenistanyň oba hojalygynyň mineral dökünlerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, içerki hajatlar we daşary ýurtlara ibermek üçin mineral dökünleriň, himiýa we gazhimiýa önümleriniň öndürilişi, ýod önümlerini öndürmegiň möçberleriniň artdyrylyşy, ýokary hilli önümleri almakda ýodbrom çig malyny toplumlaýyn peýdalanmak, şeýle hem hünär baýramçylygy bilen baglanyşykly durmuşa geçirilmeler barada giňişleýin durup geçdi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Begenç Berdiýew, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň daşary ykdysady aragatnaşyklar bölüminiň esasy hünärmeni Ýazgeldi Atanazarow öz ugurlaryndan durmuşa geçirilýän, ministrligiň hem-de döwlet konserniniň edara-kärhanalarynda alnyp barylýan, baýramçylyk çäreleri bilen baglanyşykly çäreler dogrusynda gyzykly gürrüňler berdiler. Dabarada çykyş eden aýdymçy-sazandalar toparynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary onuň baýramçylyk dabarasyny, şowhunyny has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.