Täze jaý toýlary şatlyk paýlaýar

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesiniň giňden dabaralandyrylýan ýyly bolan «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly şatlykly wakalara ulaşýar. Ynha, şu ýylyň 5-nji noýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly geňeşliginiň «Garaşsyzlyk» ýaşaýyş jaý toplumynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat müdirliginiň işgärleri üçin gurlan 4 gatly 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi hem ähli amatlyklary bolan öýleriň eýeleri bolan bagtyýar maşgalalar üçin ýatdan çykmajak günleriň biri boldy.

Bu täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Aşgabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp baryldy we gurluşyk işleri ýokary hil derejesinde ýerine ýetirildi. Döwrebap talaplara laýyklykda gurlan täze 4 gatly ýaşaýyş jaýynda iki, üç we dört otagly öýler bar. Olar ýokary hilli mebeller we beýleki hojalyk enjamlary bilen üpjün edilipdir. Ýyladyş we sowadyş ulgamlary täze jaýdan öý almak bagty nesip eden ýaşaýjylar üçin rahatlykda we ýokary amatlykly ýaşamaga ähli şertler döredilendir. 

Täze ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabarada çykyş edenler halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagy üçin yzygiderli alada edýän milli Liderimize köp sagbolsun aýtdylar we täze öýleriň eýelerine ýurtlarynyň garşy almagyny arzuw etdiler. 

Şeýle hem dabarada jaýy ýokary hil derejede guran Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Aşgabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň binagärleriniň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy. 

Açylyş dabarasynyň dowamynda medeniýet we sungat işgärleri aýdym-sazlary ýerine ýetirip, şatlykly waka mynsaybetli bu ýere ýygnanan adamlara ruhy lezzet paýladylar. Şunda milli däp-dessurlarymyzy açyp görkezýän çykyşlara, edebi-sazly kompozisiýa aýratyn orun berildi. Egsilmez ruhubelentlige beslenen toý meýdançasynyň bir çetinde gazanlar atarylyp, milli tagamlaryň dürli görnüşleri taýýarlanyldy. 

Agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşy, mizemez jebisligi, Arkadag Prezidentimiziň «Döwlet adam üýindir!» diýen baş ýörelgesiniň tutuş jemgyýetiň ruhuny galkyndyrýandygy bilen baglanyşykly hakykat bu ýerdäki çykyşlarda aýdyň beýanyny tapdy.