Türkmenistan – bagy-bossan
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, tebigat gözelliklerini has-da baýlaşdyrmak, geljek nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny aýawly saklamak boýunça üstünlikli amala aşyrylýan işler hem muňa şaýatlyk edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine milli hem ählumumy derejede ýurdumyzyň ähli şäherleriniň we obalarynyň töwereginde bagy-bossanlyga öwrülmegini, gök zolaklaryň döredilmegini göz öňünde tutýan uzakmöhletleýin bag ekmek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 6-njy noýabrynda paýtagtymyzyň günorta böleginde, Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan beýik ýadygärliginiň ýanynda Arkadag Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň şäherleriniň hem obalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegiň giň gerimli güýzki bag ekmek dabarasyna badalga berildi.
Tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy watandaşlarymyzyň joşgunly zähmetiniň hakyky baýramçylygyna, milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde türkmen halkynyň ruhubelentliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilen güýzki bag ekmek çäresine ýurdumyzyň beýleki ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de bu çärä gatnaşan ildeşlerimiz bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň we garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri işjeň gatnaşdylar.
Olarda bu bag ekmek möwsümine öňünden giň gerimli taýýarlyk işleri geçirildi. Ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda ministrlik boýunça dürli görnüşli agaç nahallarynyň 31 müňüsi oturdyldy. Mundan başga-da şol gün ministrligiň merkezi diwanynda we her bir edara-kärhanasynda öňden bar bolan miweli, saýaly, pürli agaç nahallaryna, üzümlere we güllere ideg etmek işleri hem guraldy.