Täze döwrebap zawod gurlar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy ýokary depginler bilen ösdürilýär. Ulgamyň önümçiligini doly awtomatlaşdyrmak, önümçilik kärhanalarynda innowasion we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, olaryň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýerli çig mal hem-de taýýar önümleriň önümçiligini we görnüşlerini köpeltmek, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça düýpli işler durmuşa geçirilýär. Arkadag Prezidentimiziň maksatnamalaryna we çykarýan kararlaryna laýyklykda, häzirki zaman kärhanalary gurulýar, öňden bar bolanlarynyň durky täzelenýär we düýpli kämilleşdirilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümlerini öndürýän pudaklarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak hem-de «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaran 1676-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýylda 3 300 000 inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 000 sany sanfaýans önümlerini öndürýän zawodyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Eziz doganlar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany daşarky eltiji demir we awtomobil ýollaryny, elektrik, aragatnaşyk, gaz we suw üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi. 

Gurluşyk işlerine 2021-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we zawody 2024-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. 

Täze guruljak zawod ýurdumyzda gurluşyk işleri üçin zerur bolan keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän ilkinji kärhana bolar. Bu zawodyň önümçiliginiň çig maly hökmünde, esasan, ýerli serişdelerimiz ulanylar. Ozallar daşary ýurtlardan satyn alnan önümler kärhananyň gurlup işe girizilmegi bilen, özümizde öndüriler. Şeýle hem zawodda ildeşlerimiz üçin iş orunlary dörediler. 

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary we aladalary netijesinde ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler, gurulýan döwrebap zawodlardyr kärhanalar hem-de olarda öndürilýän ýokary hilli gurluşyk önümleri milli ykdysadyýetimiziň ösmegine we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär.