Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Zarba» ýöriteleşdirilen döwlet kärhanasy üçin ýörite serişdeleri hem-de kömekçi enjamlary satyn almak barada açyk halkara bäsleşigi yglan edildi
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda «Нейтральный Туркменистан» gazetinde ministrligiň «Zarba» ýöriteleşdirilen döwlet kärhanasy üçin ýörite serişdeleri we kömekçi enjamlary satyn almak barada açyk halkara bäsleşigi yglan edildi.
Bäsleşige teklipler görkezilen bildirişiň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen gününden 30 (otuz) iş senenama gününiň dowamynda aşakdaky salgyda kabul edilýär:
Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.
Ýokarda kesgitlenen möhletinden gijä galynyp gowşan teklipler kabul edilmeýär we olara seredilmeýär.
Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri: 39-00-17, 39-00-19, 39-00-21.