Wirtual sergi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ata Watanymyzda geçirilýän her bir şanly senä bagyşlanan dürli çäreler – dabaraly açylyşlar, sergiler, maslahatlar, aýdym-sazly çykyşlar hem-de beýleki dabaraly çäreler giňden we uly ruhubelentlik bilen geçirilýär.
2021-nji ýylyň 9-njy dekabrynda hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Arkadag Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça bütin dünýäde giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Bitarap Watanymyza we ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna bagyşlanan «Baky Bitarap Türkmenistan» atly halkara wirtual sergi açyldy.
Şeýle hem bu serginiň çäklerinde geçirilen maslahatda ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň hem-de edara-kärhanalarynyň wekilleri çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen geçirilýän şeýle sergileriň dostlukly ýurtlar bilen dürli ugurlarda degişli halkara hyzmatdaşlygyny giň gerimde ösdürmäge uly mümkinçilik döredýändigini buýsanç bilen bellediler. Maslahatda ata Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan gününden bäri ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň ýeten sepgitleri, olar tarapyndan eksport mümkinçilikleriniň artdyrylyşy, önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy hem-de bu ugurlarda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilişi barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Belent ruha beslenen çäräniň dowamynda sanly ulgam arkaly Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde açylan «EKSPO – 2020» Türkmen milli pawilýonynyň wekilleriniň çykyşyna uly orun berildi.
Ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi hem wirtual sergä işjeň gatnaşdy. Onda Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi boýunça öňdebaryjy kärhanalar – sement zawodlary, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy, «Türkmendemir-önümleri» we «Nebitmaş» döwlet kärhanalary, kän müdirlikleri, «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we beýlekiler, olarda öndürilýän önümler barada durlup geçildi. Bu kärhanalarda her ýylda önümçilik kuwwatyny artdyrmak, sarp edijileri önümler bilen doly üpjün etmek, önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we önümleriň görnüşlerini köpeltmek üçin zerur işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň maksatnamalaryna we kararlaryna laýyklykda, häzirki zaman döwrebap zawodlaryň gurlup ulanmaga berilmegi netijesinde senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösmegi üpjün edilýär.
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen wirtual sergi Gahryman Prezidentimiziň Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, pudaklara öňdebaryjy innowasiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýerli önümlerimiziň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň mukdaryny azaltmak we eksporty artdyrmak, ähli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek ýaly strategik wezipeleri özünde jemleýän ykdysady syýasatynyň barha rowaçlanýandygyny aýdyň subut etdi.