Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda Permana gol çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmakda hem-de täze belentliklere ýetirmekde toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Permana gol çekdi. 

Resminamada Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek we bu baýramy her ýylyň 6-njy awgustynda belläp geçmek bellenildi. Şeýle hem toplumyň işgärleriniň gününi ýokary derejede we gurmaçylykly geçirmegiň üpjün edilmegi barada Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine, Türkmenistanyň Energetika ministrligine, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine tabşyryldy.   

Häzirki beýik taryhy eýýamda – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň we Aşgabat şäher häkimliginiň işgärleri hormatly Prezidentimiň taýsyz tagallalary we başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgerişlere we gazanylýan ägirt uly üstünliklere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy, senagat we gurluşyk önümçiligi hem-de himiýa pudaklary hemmetaraplaýyn ýokary depginler bilen ösýär we belent sepgitlere ýetýär. 

Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabadyň keşbi düýpli özgerdi. Gözel paýtagtymyzda özboluşly binagärlik taslamalary boýunça köp sanly dolandyryş, önümçilik, işewürlik, maliýe, ylym-bilim, medeniýet, lukmançylyk, sport, syýahatçylyk, söwda, dynç alyş merkezleri, ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar guruldy we häzirki döwürde dürli maksatly desgalaryň gurluşyklary güýçli depginlerde dowam etdirilýär. Aşgabadyň 11 sany ajaýyp binalary we desgalary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.   

Bu gün ähli ilatymyz bilen bilelikde ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleri hem agzybirlikde Gahryman Prezidentimiziň daşyna has-da berk jebisleşip, gazanylan beýik zähmet üstünlikleri bilen türkmen topragyna mübärek gadamyny basjak 2022-nji ýyla – Täze ýyl baýramçylygyna barýar, bu şanly baýramy tutanýerli we yhlasly zähmet çekmek bilen buýsançly garşylaýar.