Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan açyk halkara bäsleşigi yglan edildi
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylyň 17-nji dekabrynda «Нейтральный Туркменистан» gazetinde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän goşmaça önümhanany gurmak barada açyk halkara bäsleşigi yglan edildi.
Bäsleşige teklipler şu bildirişiň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen gününden 30 (otuz) iş senenama gününiň dowamynda aşakdaky salgyda kabul edilýär:
Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.
Ýokarda kesgitlenen möhletinden gijä galynyp gowşan teklipler kabul edilmeýär we olara seredilmeýär.
Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri: 39-00-17, 39-00-19, 39-00-21.