Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 50 000 tonna bolan kalsit öndürmek boýunça önümhanany gurmak barada açyk halkara bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylyň 29-njy dekabrynda «Нейтральный Туркменистан» gazetinde Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 50 000 tonna barabar bolan kalsit öndürýän önümhanany gurmak barada açyk halkara bäsleşigi yglan edildi. 

Bäsleşige teklipler şu bildirişiň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen gününden 30 (otuz) iş senenama gününiň dowamynda aşakdaky salgyda kabul edilýär:

Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.

Ýokarda kesgitlenen möhletinden gijä galynyp gowşan teklipler kabul edilmeýär we olara seredilmeýär. 

 Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri: 39-00-17,     39-00-19, 39-00-21.