«Halkyň Arkadagly zamanasy» — buýsançly durmuşyň gözbaşy
30-njy dekabrda Gurluşyk we senagat toplumy ulgamynda 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli maslahat geçirildi. Elbetde, türkmeniň milli ýörelgeleriniň, däp-dessurlarynyň, edebi hem medeni mirasynyň gözbaşynda duran, badalgasy bolup gelen Täze — 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy suw Barsy hökmünde mundan öň hem bereketli ýyllaryň biri bolup gelen ýylymyzyň hasylly, hemmetaraplaýyn şowly, rowaçlyklara beslenen ýyllaryň biri bolup geljekdiginiň subutnamasydyr. Bu jümle mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň dana, adalatly baştutanlygynda ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatda, hasam durmuş ýol-ýörelgelerinde rowaçlyklara beslenjekdiginiň güwäçisidir. Munuň şeýle boljakdygy barada 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli geçirilen maslahatda çykyş edenler hem giňişleýin durup geçdiler.
Maslahata gatnaşan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ministrler, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň deputatlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary türkmeniň milli ýörelgeleriniň, däp-dessurlarynyň, edebi hem medeni mirasynyň gözbaşynda duran, badalgasy bolup gelen Täze — 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy Bars ýylynyň mundan öňler hem bereketli gelen ýyllaryň biri hökmünde özüni tanadan hem agzybirligiň, döwletmentligiň, jebisligiň, adalatyň, ösüşleriň ýyly hökmünde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljakdygy hakynda öz çykyşlarynda biragyzdan bellediler.
«Bars — baýlyk» diýip, her gezek Bars ýylynyň gelmegini rysgal-bereketliligiň, ykdysady taýdan durnukly ösüşiň, kämilligiň gözbaşy hasaplan halkymyz ony «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip, bu düşünjäniň utgaşyklylygy, halk hojalygynyň ähli ugurlary boýunça ösüşleriň gözbaşy hasaplaýar. Türkmenistanyň raýatlary eziz Diýarymyzyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň hem geçiriljek ýyly bolan bu ýylyň halkymyz üçin «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, bagtyýarlyk, röwşen geljek» atly şygar bilen geçiriljek çäräniň ýyly hem bolar diýip ynanýar. Bu diýildigi milli Liderimiziň öz Täze ýyl Gutlagynda belleýşi ýaly: «... bu çäräniň baş maksady ilatyň demografik düzümi hem-de raýatlarymyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdyr» diýildigidir.
Hemmeler üçin buýsançly geçen bu maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň adalatlylyga beslenen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýlägem gowulanjakdygy, Gurluşyk we senagat toplumy ulgamynda 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli uly ösüşlere ýetiljekdigi hakynda bellediler. Buýsanja beslenen bu maslahat şeýle hem sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlary bilen utgaşmak arkaly dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirler galdyrdy.