Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi açyk halkara bäsleşigi yglan edildi
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan 2022-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda «Нейтральный Туркменистан» gazetinde Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 20 000 kub metre barabar bolan agaç galyndylaryny gaýtadan işleýän kärhanany gurmak barada açyk halkara bäsleşigi yglan edildi.
Bäsleşige teklipler şu bildirişiň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen gününden 30 (otuz) iş senenama gününiň dowamynda aşakdaky salgyda kabul edilýär:
Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.
Ýokarda kesgitlenen möhletinden gijä galynyp gowşan teklipler kabul edilmeýär we olara seredilmeýär.
Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri: 39-00-17, 39-00-19, 39-00-21.