Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi açyk halkara bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan 2022-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda «Нейтральный Туркменистан» gazetinde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda we Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde suwly dispersion boýaglary we lak-boýag materiallaryny hem-de gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän önümhanalary gurmak barada açyk halkara bäsleşigi yglan edildi. 

 

Bäsleşige teklipler şu bildirişiň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen gününden 30 (otuz) iş senenama gününiň dowamynda aşakdaky salgyda kabul edilýär:

Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.

Ýokarda kesgitlenen möhletinden gijä galynyp gowşan teklipler kabul edilmeýär we olara seredilmeýär. 

Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri: 39-00-17,     39-00-19, 39-00-21.