Arkadagyň paýhasyndan rowaç alan Watana söýgi, buýsanç
2022-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Aşgabat şäher häkimliginde Arkadag Prezidentimiziň «Jan Watanym Türkmenistan!» atly täze şygryna bagyşlanan çäre geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň düzümine girýän ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri, paýtagymyzyň ýaşaýjylary, talyplar we beýleki adamlar gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz halkymyza ýygy-ýygydan öz döreden täze eserlerini peşgeş berýär. Arkadag Prezidentimiz täze ýylyň garşylanýan ajaýyp pursatlarynda Türkmenistan döwletimiziň ýeten derejesini, rowaçlyklara beslenýän menzillerini wasp edip, täze goşgy döredendigini we ony “Jan Watanym Türkmenistan!” diýip atlandyrandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz täze eserini ilki bilen maşgala agzalaryna okap berdi. Şeýle hem türkmen topragyna mübärek gadamyny basan “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň ilkinji minutlarynda maşgalalaryň bir ojakda bitewi bir supranyň başyna jemlenen pursady mawy ekran arkaly Arkadag Prezidentimiziň özüniň örän çuň many-mazmunly täze ajaýyp şygryny tutuş halkymyza ýetirmegi, eseriň metbugat sahypalarynda çap edilmegi ildeşlerimiz üçin ýatdan çykmajak baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.
Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň watansöýüjiligiň belent nusgasyna ýugrulan “Jan Watanym Türkmenistan!” atly goşgusynyň milli Liderimiziň jöwher zehininden dörän eserleriniň üstüni ýetirendigini, hormatly Prezidentimiziň çuň many-mazmunly şygrynda gözel Diýarymyzyň şu günki ösüşli, özgerişli döwrüniň, ýetilen we ýetilmeli menzilleriň çeper we akgynly wasp edilýändigini bellediler. Olaryň belleýşi ýaly, täze eseriň “Öňe, öňe, diňe öňe! – biziň beýik şygarymyz” diýen setirleri bagtyýarlyk döwrümizde türkmen halkyna Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli işleri dowam etdirmäge badalga beriji, höweslendiriji aýdym bolup göwün guşumyzy ganatlandyrdy.
Dabara gatnaşyjylar ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde hem-de dünýä derejesindäki abraýynyň ýokarlanmagynda bitirýän ägirt uly hyzmatlary üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň täze, şöhratly işlere we beýik özgertmelere beslenjekdigini nygtadylar.
Maslahatyň bütin dowamynda toýdur baýramlarda mähriban halkymyzy many-mazmunly eserleri bilen begendirýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwet galamynyň ýiti bolmagy arzuw edildi. Dabarada sungat ussatlarynyň ata Watanymyza, milli Liderimize bagyşlanan çykyşlary maslahata gatnaşyjylaryň watançylyk ruhuny has belende göterdi.