Pudaklaýyn maslahat geçirildi
Bilşimiz ýaly, 3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy.
7-nji fewralda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň ilkinji aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Şol sanda ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynda geçirilen maslahatda, oňa degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň edara-kärhanalarynda we beýleki düzümlerinde ýerine ýetirilen işlere baha berildi, olaryň jemleri jemlendi hem-de öňde durýan wezipeler, hususanda Arkadag Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň ugurlary kesgitlendi.
Pudaklaýyn maslahatda hasabat döwründe Toplumyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, Aşgabat şäher häkimliginde 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bellenen meýilnamalaryň artygy bilen ýerine ýetirilendigi we ähli ugurlarda ösüş depgininiň gazanylandygy, berkarar Watanymyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginli dowam edýändigi, senagat önümleriniň çykarylýan möçberlerini we görnüşlerini artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri hem-de eksport önümlerini ýurdumyzda öndürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherini ähli ugurlarda ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada bellenip geçildi.
Maslahatda milli ykdysadyýetimiziň köpugurly hem-de durnukly ösüşini saklamak, önümçilik kuwwatlyklaryny doly peýdalanmak, sanly tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni önümçilige giňden ornaşdyrmak boýunça möhüm wezipeler kesgitlendi. Ýurdumyzda dowam edýän iri senagat we beýleki dürli maksatly köp sanly desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda, talaba laýyk hilde ýerine ýetirmek, olary ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen ýeterlik derjede üpjün etmek hakynda aýdyldy.
Bu maslahatda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde garaljak Garaşsyz döwletimizi geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýän “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy. Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” taslamasy hakynda pikir alşyldy hem-de bu möhüm resminamanyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçiriljek nobatdan daşary mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylmagy tüýs ýürekden goldanyldy.
Şeýle maslahatlar Gurluşyk we senagat toplumynyň ähli pudaklarynda hem işjeň we gurmaçylykly ýagdaýda geçirildi hem-de olara gatnaşyjylar hormatly Przidentimiziň berýän wajyp tabşyryklaryndan ugur alyp, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.