Täze ýylyň ilkinji aýynda gazanylanlar

Şu ýylyň 3-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredilip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlary diňlenildi we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şonuň ýaly-da döwlet durmuşynyň möhüm wezipelerine garaldy, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi. Onda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary öz gözegçilik edýän gurluşyk, senagat we energetika ugurlarynda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde we paýtagtymyzda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hakynda hormatly Prezidentimize hasabat berdi.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde ýurdymyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary gerek bolan gurluşyk önümleri bilen üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberini we görnüşlerini artdyrmak, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek, şonuň ýaly-da daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň hilini ýokar- landyrmak boýunça ähli zerur bolan işler durmuşa geçirilýär.

2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça jerni öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 159.0 göterim ýerine ýetirildi. 

Tutuş ministrlik boýunça şeýle uly zähmet üstünlikleriniň gazanylmagyna onuň garamagyndaky edara-kärhanalar mynasyp goşantlaryny goşdular. Hasabat  döwründe Balkan sement zawody boýunça sementiň öndürilişi 193.8 göterime, magdan däl materiallarynyň öndürilişi Gökdepe kän müdirligi boýunça 114,1 göterinie, Köýtendag kän müdirligi boýunça 113,6 göterime, ministrlik boýunça gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi 128,4 göterime, şol sanda Büzmeýin etrabynyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 205,3 göterime, Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda 120,1 göterime barabar boldy.

Ýanwar aýynda Ýaşlyk keramzit zawodynda meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 124,4 göterime deň bolan bolsa, «Polimer önümleri» zawodynda bu görkeziii    137,7 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň agzybir işgärleriniň mundan beýläk hem hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini we kabul eden maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda uly dabaralar bilen bellenilýän döwletimiziň baş baýramyny - Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk şanly toýuny uly zähmet sowgatlary bilen garşylajakdyklaryna ynanýarys we olara üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.