Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň çäginde ýyllyk kuwwatlylygy 150 000 tonna bolan armatura önümini öndürmek boýunça goşmaça liniýany gurmak boýunça öň yglan eden açyk halkara bäsleşiginiň möhleti uzaldyldy

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylyň 25-nji dekabrynda «Нейтральный Туркменистан» gazetinde ministrligiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň çäginde ýyllyk kuwwatlylygy 150 000 tonna barabar bolan armatura önümini öndürýän goşmaça liniýany gurmak barada öň yglan edilen açyk halkara bäsleşiginiň möhleti ýene-de 30 (otuz) iş gününe çenli uzaldyldy.

Bäsleşigiň beýleki şertleri üýtgewsiz galýar.

Bäsleşige teklipler aşakdaky salgyda kabul edilýär:

Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.

Görkezilen bäsleşigiň möhletiniň uzaldylandygy baradaky bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 2022-nji ýylyň 11-nji fewralyndaky №36 (30069) sanynda çap edildi.

Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri: 39-00-17,    39-00-19, 39-00-21.