Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi: taryhy çözgütler we ösüşiň täze tapgyryna badalga
2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Arkadag Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi, bu forum biziň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrüldi.
Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary, ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Taryhy maslahatda täze eýýamda mähriban Watanymyzy geljek 30 ýylda syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, şeýle hem döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi we şu ýyl üçin wezipeler kesgitlenildi.
Gahryman Arkadagymyzyň bu umumymilli forumda eden çuň manyly çykyşynda belleýşi ýaly, geçen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly ýurdumyzda täze şöhratly we beýik işlere beslendi. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek, ýangyç-energetika toplumyny, oba hojalygyny, gurluşyk we senagat, ulag-aragatnaşyk, bilim we ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlaryny we beýleki pudaklary ösdürmek boýunça ýokary depginli işler amala aşyryldy.
Bu işleriň ählisi Arkadag Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgesiniň esasynda berkarar döwletimizi hemme taraplaýyn gülledip ösdürmäge, türkmen halkynyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.
Umumymilli forumda «Ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasy tassyklanyldy. Bu möhüm resminamalarda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak hem-de «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda durmuş ugurly syýasaty amala aşyrmak bilen baglanyşykly çäreler göz öňünde tutuldy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek meselelerine hem aýratyn üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw-hemaýat bermegi bilen ýurdumyzda iri senagat kärhanalarynyň gurulmagy, öňden bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi we olarda döwrebap innowasion enjamlaryň oturdylmagy netijesinde, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda alnyp barylýan gurluşyklary hem-de raýatalarymyzyň senagat we gurluşyk önümlerine bolan isleglerini ýeterlikli derejede üpjün etmäge, eksport we import ugurly önümleri öndürmäge mümkinçilik döredildi.
Geljekde hem bu işler işjeňlik bilen dowam etdiriler. Muňa häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň kararlaryna we maksatnamalaryna laýyklykda ýyllyk kuwwatlylygy 1 mln. tonna barabar bolan 2 sany sement zawodlaryň we beýleki dürli gurluşyk materiallaryny öndürýän birnäçe kärhanalaryň gurulýandygy hem şaýatlyk edýär.
Uly ruhubelentlik we buýsanç bilen geçirilen Halk Maslahatynda ösüşli-özgerişli eýýamyň täze tapgyry - geljek 30 ýyl üçin niýetlenen Maksatnamanyň ara alnyp maslahatlaşylmagy we tassyklanylmagy uly taryhy waka boldy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzy geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ileri tutulýan ugurlary, şol sanda halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bilelikde senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmegiň, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň anyk wezipeleri kesgitlenildi. Munuň özi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň kuwwatyny barha artdyrmakda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütler, kabul edilen wajyp resminamalar mähriban halkymyzyň bähbidine gönükdirilendir. Bu bolsa, bagtyýar raýatlarymyzda, şol sanda Senagat we gurlyşyk önümçiligi ministrliginiň agzybir işgärlerinde Arkadag Prezidentimize, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan buýsanjy has-da artdyrýar. Şonuň üçin hem olar milli Liderimiziň ýurdumyzy çalt depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatyny doly goldaýarlar.