Magtymguly Pyragy we häzirki zaman Türkmenistan

2024-nji ýylda häzirki zaman milli edebiýatymyzyň düýbüni tutujy, ýurdumyzyň taryhynda beýik şahyr we akyldar hökmünde öçmejek yz galdyran Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellener. Ýaňy-ýakynda  Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen belleniljek şanly seneleriň sanawyna girizilendigi barada hoş habar gelip gowuşdy. Munuň özi türkmen şahyrynyň we filosofynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan dünýä derejesindäki şahsyýet hökmünde ykrar edilendiginiň subutnamasydyr. Çünki beýik şahyr adamzadyň baky ruhy, ahlak gymmatlyklary baradaky pikirlerini dünýä ýaýdy, haýsy ýurtda ýaşaýandygyna garamazdan her bir adamy tolgundyrýan soraglara jogap berdi. Onuň şygyrlarynda halkymyzyň özboluşlulygy, dünýägaraýşy, häsiýeti, ynanç-ygtykady, dili we däp-dessurlary öz beýanyny tapdy. Häzirki günde bulary biz Magtymgulynyň dünýäsi diýip atlandyrýarys. 

Döwürleriň berkararlaşýanlygyna we dünýäniň barha ýagşylyga  üýtgeýändigine garamazdan, beýik şahyryň eserleri biziň günlerimizde hem ähmiýetini ýitirmeýär, halkymyz Magtymgula sala salmagyny dowam etdirýär we her gezek onuň ägirtligine täzeden göz ýetirýär. Beýik hem nusgawy şahyryň we akyldaryň taglymlarynyň diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem tutuş dünýä üçin hem ruhy gymmatlykdygy hakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda giňişleýin beýan edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň «Ruhyýet köşgünde» eden çykyşynda aýdan sözleri we okan goşgusy Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewleriniň, eserleriniň ösüp gelýän nesle watançylyk terbiýesini bermekde, olaryň döwrüň özlerine bildirýän ynamyna dogry düşünýän we ony ödeýän ynsanlar edip ýetişdirmekde nä derejede wajyplygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.     

Magtymgulynyň şygyrlaryny okanymyzda biz beýik akyldaryň türkmen tire-taýpalaryny agzybirlige çagyrandygyny, berkarar döwlet we adalatly jemgyýet barada arzuw edendigini görýäris. Ol nadanlygy inkär edip, türkmen halkynyň hemişe okamagyny, öwrenmegini, bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyny isläpdir. Bu babatda onuň «Gözel Şirgazy» goşgusynda hem düýpli beýan edilýär. 

Filosofiýadan, geografiýadan, matematikadan we tebigat baradaky bilimlerden sapak beren bu meşhur okuw mekdebine ýüzlenip şahyr şeýle diýýär:

Seljerer men indi agy-garany,

Dost, rakyp, gardaşy, haky, ýarany, 

Okydym, göterdim kitap Kurany,

Pyragy goşgy setirlerinde dünýäniň döreýşi, agy-garasy, dost, rakyp, dogan, hak-nähak, ýaran hakynda gürrüň edýär, Gurhanyň giňişligine aralaşandygy, diýmek dünýä düşünip ugrandygy, emma şeýle-de bolsa özüniň gitmelidigi barada aýdyp, bu uly ýokary okuw mekdebi bilen sagbollaşýar...

Soňra ol ýene:

Joşgun ýüregimde möwç urar, ýatmaz,

Gaýnar, gazaplanar, hiç laýa batmaz,

Ylym-tälim algan seni unutmaz,..

diýip, özüniň bu ýerde kän zatlar tapandygy, Jeýhun deýin joşup, gaýnap-gaýnap ýazandygy, emma hiç ýalňyşmandygy, diňe bir özüniň däl, bu ýerde bilim-terbiýe alanlaryň hiç biriniň hem ony unutmajakdygy hakynda ýazýar.

Bilimiň we ylmyň durmuşdaky şeýle möhüm ornuna baha bermegiň häzirki günde hem ähmiýetlidigi, çünki dünýäniň günsaýyn däl, sagat saýyn gowulyga özgerýändigi barada aýdan ýagşy. Ylym-bilim adamzadyň ösüşine itergi berýär. Indi diňe bilimiň, täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň döwlete ýa-da millete bäsdeşlige ukyply bolmaga, öňe gitmäge mümkinçilik berýän döwri geldi. Munuň özi häzirki zaman siwilizasiýasynyň iň gowy gazananlarynyň Magtymguly Pyragy tarapyndan kesgitlenen milli maksatlarymyz bilen utgaşdyrylýandygyny görkezýär. Şeýle hem şahyr öz döwürdeşleriniň käbir hereketlerine tankydy baha berip, öz goşgy setirlerinde olara dogry ýoly salgy berýär. Elbetde, biziň üçin Magtymgulynyň döredijiliginiň çuňňur öwrenilmegine aýratyn üns bermek möhümdir. Sebäbi Magtymgulyny tanamak-özüňi tanamakdyr, adamyň günsaýyn özüni kämilleşdirmegidir, bilim-ylma ymtylmagyň bolsa intellektual milletiň kemala gelmeginiň görkezijisidir.

Mälim bolşy ýaly, halka wepalylyk, onuň bilen ruhy baglanyşykda, bitewilikde bolmak pikiri Magtymgulynyň şygyrlarynyň içinden eriş-argaç geçýär. «Para-paradyr» goşgusynda dana Pyragy:

Tohum sal, orar sen, geldiň bu jaýa,

Ömrüňni ötürme beýhuda, zaýa

diýip, ähli beýleki gymmatlyklar ýaly, ömrüň hem hasaplydygy, onuň her sagadyny manyly geçirmegi, ilbähbitli işiň başyny tutmagy, soňunda puşman etmez ýaly ýaşamagy, her bir haýyr işi jäht tutmagy öwüt berýär.

Türkmen halky özüniň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda zähmetiň gymmatyna düşünip gelipdir. Ine, bu gün hem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz ýurdumyzyň zähmetkeşleriniň gazanýan ägirt uly üstünliklerini görýäris, olaryň köpüsi baş baýramymyzyň öňüsyrasynda ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldular. Esasy zat biziň her birimiz çekýän yhlasly zähmetimiziň Watanymyzyň ösüşine we abadançylygyna gönüden-göni täsir edýändigine düşünmegimizdir.

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy Türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň syýasy, durmuş-ykdysady we ruhy-ahlak taýdan mundan beýläk-de ösmegine ýol açýan mukaddes gymmatlykdyr. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde sözlän sözüni getirmek ýerlikli bolar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz şonda: «Öz halkyny agzybirlige we özbaşdak berkarar döwletlilige çagyran beýik ynsanperwer şahyryň şanly ýubileýini ählihalk baýramçylygyna öwürmelidiris» diýip belledi.