GYMMATY EGSILMEJEK ESER
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 10-njy maýynda Aşgabat şäher häkimliginde Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň ýolbaşçy düzüminiň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň, Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleriniň we paýtagymyzyň ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň durmuş we zähmet ýolunyň esasy tapgyrlary, manyly ömür menzilleri bilen baglanyşykly pursatlar, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri baradaky maglumatlar giňişleýin beýan edilýän, şöhratly geçmişimiziň, häzirki bagtyýar döwrümiziň, beýik geljegimiziň baglanyşygy ussatlyk bilen açylyp görkezilýän, şu gün we geljek üçin möhüm başlangyçlar öňe sürülýän “Ömrümiň manysy” atly bu gymmatly kitap halkymyza ajaýyp sowgat boldy.
Täze eseriň “Ömrümiň manysy” diýlip atlandyrylmagynyň özünde-de çuňňur mazmun bar. Çünki bu eserde Gahryman Arkadagymyzyň manyly ömrüniň arzyly pursatlary, ýatlamalary, türkmençilik, millilik, ýaşlarymyzy däp-dessurlarymyza eýermäge, olara sarpa goýmaga çagyrmak hem-de hiç wagt gymmaty egsilmejek beýleki oý-pikirler we başlangyçlar baradaky garaýyşlary jemlenýär. Kitabyň gymmatyny artdyrýan esasy aýratynlyklarynyň biri bolsa onuň islendik ýaşdaky adam üçin düşnükliligi, öwüt berijiligi, dogry ýol-ýörelgä çagyryjylygy, umuman, terbiýeçilik ähmiýetidir.
Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez pähim-paýhasyny, baý durmuş tejribesini, giň dünýägaraýşyny özünde jemleýän bu kitabyň çapdan çykmagynyň bagtyýar halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly serpaý bolandygy we il-günümizi täze zähmet ýeňişlerine, uly üstünliklere ruhlandyrýandygy aýratyn nygtaldy.
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy, bagtyýar durmuşyň üpjün edilmegi we ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli alada edilýändigi üçin alkyş-hoşallyk beýan edildi. Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň senagat we gurluşyk toplumynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.