«Ak şäherim Aşgabat» atly ХХI köpugurly halkara sergisi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ata Watanymyzda bellenilýän her bir şanly senä bagyşlanan dürli çäreler – açylyşlar, sergiler, maslahatlar, aýdym-sazly çykyşlar hem-de beýleki dabaraly çäreler giňden we uly ruhubelentlik bilen geçirilýär.
Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin guwandyryjy wakalaryň biridir. Şu mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergisini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi.
25-26-njy maýda ak mermerli paýtagtymyzda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХI köpugurly halkara sergisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça geçirilýän bu sergi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze ösüşler döwründe amala aşyrylýan özgertmeleriň giň gerimini, şäher gurluşygyny, şäher düzümini kemala getirmek babatda gazanylan üstünlikleri, toplanan tejribäni we mümkinçilikleri aýdyň açyp görkezdi.
Häzirki döwürde ak mermerli Aşgabat «Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe boldy we dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şertleri bolan şäherleriniň birine öwrüldi.
Nobatdaky sergä ýurdumyzyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň köp sanlysy, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХI köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Arkadagly Serdarymyz öz Gutlagynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda geçirilýän halkara sergisinde Aşgabadyň ajaýyp keşbi, gaýtalanmajak gözelligi, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki möhüm ugurlarda ýeten belent derejeleri öz beýanyny tapýar. Bu köpugurly sergi ata Watanymyzyň paýtagtynyň dürli ugurlarda ýeten belent sepgitlerini görkezmäge mümkinçilik berer, halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrar» diýip belleýär.
Bu syýasy-ykdysady çärä gatnaşan ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň sergi bölümlerinde ähli ulgamlaryň ösüş depginleri wideoşekillerde, desgalaryň kiçeldilen nusgalarynda, çaphana önümlerinde – surat toplumlarynda, ýörite kitapçalarda we žurnallarda öz beýanyny tapdy.
Ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi hem halkara sergisine işjeň gatnaşdy. Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan senagat we gurluşyk önümçiligi ulgamynda gazanylan üstünlikleri – bezeg daşlary, sement, magdan däl gurluşyk serişdeleri, armatura, turba önümleri, santehniki we boýag önümleri hem-de beýleki birnäçe gurluşyk materiallary bu pudagyň sergi bölüminde görkezilýär.
Sergide döwrebap senagat we elektron önümlerini öndüriji bolan bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň sergi bölümi hemmeleriň ünsüni çekdi. Bu hojalyk jemgyýetiň harytlarynyň görnüşi yzygiderli artýar. Häzirki wagtda jemgyýetde iki SIM-kartly öýjükli telefonlar, smartfonlar, dürli görnüşli monobloklar, smart-telewizorlar, split-sowadyjylar, internet ulgamyny paýlaýjylar (routerler) hem-de içimlik suwy sowatmak we gyzdyrmak üçin niýetlenen kulerler öndürilýär.
Sergä gatnaşyjylar ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäheriniň gününe gabatlanyp guralan bu gözden geçirilişiň guramaçylykly we üstünlikli geçendigini bellediler.