Medeni-durmuş maksatly kaşaň binalaryň gurluşygynda...
Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň adalatly belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şäherlerinde we obalarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, raýatlaryň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak eziz Diýarymyzyň milli maksatnamalarynyň we strategiýalarynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we Aşgabat şäherinde ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly kaşaň binalar köpçülikleýin gurlup, ulanmaga berilýär.
Umuman, ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda-da soňky ýyllarda dürli maksatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalarynyň köp sanlysy gurlup ulanmaga berildi. Munuň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň ýokary hil derejeli ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegine, döredijilikli işlemek üçin zerur bolan mümkinçilikleriň döredilmegine hem-de amatly ýaşaýyş we dynç alyş ulgamynyň sazlaşykly alnyp barylmagyna gönükdirilen syýasatyň durmuşa geçirilmegidir. Şeýle jaýlaryň biriniň — Türkmenabadyň Himik etrapçasynyň çägindäki 4 gatly 32 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy, onuň basym gurlup ulanmaga beriljekdigi hem munuň şeýledigini görkezýär.
Şäheriň medeni-binagärlik keşbine sazlaşýan bu binanyň buýrujysy Türkmenabat şäher häkimligi we bu şäheriň ýaşaýjylary, potratçysy hem Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Zerger «Demirbetonönümleri» zawody bolup durýar. Dolulygyna boýy ýetirilen, hemme taraplaýyn göze gelüwli bu binada işler 80 göterim ýerine ýetirildi, häzirki wagt ýaşaýyş jaýynyň üçeginde gurluşyk-gurnama hem aýna gurnama işleri alnyp barylýar. Işleriň barşyna görä, şu ýylyň dowamynda gurluşyk işlerini doly tamamlap, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
Şeýle döwrebap, ýaşamak üçin ýokary amatlykly jaýlaryň ýene 30-synyň Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barylýan şaýoluň ugrunda Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynyň zähmetsöýer gurluşykçylary tarapyndan gurlup ulanmaga berilýändigi guwandyryjy ýagdaýlaryň biridir. Ministrligiň gurnama-demirbeton önümlerini öndürýän zawoddyr kärhanalary gurluşyk önümlerini öndürmek bilen bir hatarda, öz önümlerini ulanmak arkaly gurluşyk işlerini hem alyp barýarlar. «Demirbetonönümleri» zawodynyň potratçylyk etmeginde gurulýan täze ýaşaýyş jaýlarynyň iki gatlydygy we 5 otaglydygy, göze gelüwlidigi, şäheriň bezeg keşbine diýseň sazlaşýandygy bilen hemmeleriň hoşuna gelýändigi bellärliklidir. Häzirki wagtda boýy doly ýetirilen bu binalaryň üçeklerinde gurluşyk-gurnama, daşky we içki suwag, içki beton guýma, elektrogurnama, lagym turba geçirmek, daşky abadanlaşdyryş, kafel goýmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Gurluşyk işleri şu ýylyň dowamynda doly tamamlanyp, olaryň ýaşaýjylary öz täze öýlerine göçüp bararlar.