Täze ýaşaýyş jaýlary, bagtyýar adamlar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şäherlerinde we obalarynda ilatyň ýaşaýyş şertlerini düýpli gowulandyrmak, adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ýurdumyzda kabul edilýän milli maksatnamalaryň hem strategiýalaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde raýatlarymyzyň ünsüni özüne çekýär. Olaryň netijesinde eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde we paýtagtymyzda medeni-durmuş maksatly desgalar, şol sanda ilat üçin ýokary amatlykly binalar, kaşaň ýaşaýyş jaýlary tapgyrma-tapgyr gurlup, olaryň açarlary bu binalaryň öýleriniň geljekki ýaşaýjylaryna dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Şu ýerde şeýle giň gerimli gurluşyk-binagärlik işlerine Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärhanalarynyň hem öz mynasyp goşantlaryny goşýandyklary hakynda hakykatyň hatyrasyna bellemelidiris.

Mundan bary-ýogy iki ýyla golaý ozal, has takygy 2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 23-isi, 2 gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň hem 9-ysy, 600 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdebiniň hem-de döwrebap Söwda merkeziniň gurlup ulanmaga berlendigi, üstümizdäki 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda şol binalaryň dowamy hökmünde bu etrabyň Senagat köçesinde ýokary amatlygy bolan 4 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 15-isiniň gurlup,  ulanmaga berilmegi Arkadagly Serdarymyzyň: «Biz Türkmenistan atly beýik döwletde, parahat we arassa asmanyň astynda, uzak hem-de bagtyýar durmuşymyza buýsanmalydyrys» diýen dana sözlerini biygtyýar ýadymyza düşürýär. Hawa, täze jaýlara göçüp baran bagtyýar maşgalalaryň 480-isiniň agzalary hormatly Prezidentimiziň adyna «Ýaşasyn hormatly Prezidentimiz!», «Dünýä dursun, Arkadagly Serdarymyz dursun!» diýip öz hoşallyklaryny beýan etdiler, «Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn» diýip, ýurdumyzyň raýatlaryna ynanýan, olar bilen bir janu-ten bolup halkara derejesinde hem uly abraýa eýe boljakdygyna düşünýän hormatly döwlet Baştutanymyzyň şanyna  tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdyp, jaý toýlaryny toýladylar. Bu diýseň giň gerimli gurluşyk-binagärlik işlerine Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabyndaky «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň baş potratçy hökmünde gatnaşyp, onuň altyn elli gurluşykçylarynyň mynasyp goşantlaryny goşandygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Şeýle hem bu kärhananyň gurluşyk önümleriniň bu binalaryň gurluşygynda giňden ulanylyp, olaryň beýleki gurluşyk edaralaryna hem telekeçilere ugradylýandygy bizi az begendirmeýär.

Täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýat hem şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, köpüçlikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, bu binalaryň gurluşyklaryna mynasyp goşantlaryny goşan gurluşykçylar we beýlekiler gatnaşdylar. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň, Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik toparlary gatnaşyp, saz çalyp, aýdymlar aýdyp, tansçylar tans edip bu ýere gelenlere hezil berdiler. 

Täze, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen bagtyýar adamlar täze gurlan binalaryň öýleriniň açarlaryny buýsanç bilen kabul edip, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar eden ajaýyp ýurtda bagtly ýaşaýyşy üpjün etmäge gönükdirilen durmuş syýasatyny netijeli amala aşyrýan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.