Hünär baýramyna bagyşlanan çäre

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 3-nji awgustynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurluşyk we senagat syýasaty» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň we Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny  dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň ulgamynda hereket edýän Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de Gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklarynda göreldeli zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 24-nji dekabryndaky Permany bilen döredilen Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni şu ýyl ilkinji gezek geçirilýär. Bu baýram öň her ýylyň oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde bellenilýän Senagat işgärleriniň gününi çalyşdy. 

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 6-7-nji awgustynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy – 2022» atly halkara sergisini hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly ylmy-amaly maslahaty geçiriler. Bulardan başga-da bu hünär baýramyna bagyşlanan dabaralar we köpçülikleýin çäreler guramaçylykly ýola goýuldy. 

Şu günde guralan dabaraly maslahat hem şeýle çäreleriň biridir. Maslahaty Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy R.Rahmanow alyp bardy we toplumyň pudaklarynyň öňdebaryjy işgärleriniň, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we agzalarynyň mazmunly çykyşlary bilen ýaýbaňlandy.     

Maslahatda çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy gülledip ösdürmek, türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, geljekde halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin asyrlara barabar işleriň amala aşyrylýandygyny, ýurdumyzyň iň iri toplumlarynyň biri bolan Gurluşyk hem senagat toplumynda uly özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini we netijede berkarar döwletimiziň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna ynamly goşulýandygyny buýsanç bilen bellediler.  Şeýle hem çykyş edenler toplumyň pudaklarynda ýetilen sepgitler, gazanylýan ösüşler we üstünlikler barada gürrüň berdiler. 

Olar aýratyn hem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklaryny döwrebap derejede hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin berýän goldaw-hemaýatlary, işleri talaba laýyk alyp barmakda döredýän ähli mümkinçilçikleri we şertleri üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler hem-de hormatly Prezidentimiziň toplumyň pudaklarynyň işgärleriniň öňünde goýýan wajyp wezipelerini gyşarnyksyz ýerine ýetirmek üçin ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. 

Dabaraly maslahatyň dowamynda baýramçylyk ruhuny artdyran Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Serpaý» folklor-etnografiýa studiýasynyň aýdymçy-sazandalar toparynyň ýerine ýetirijileriniň çykyşlary guraldy hem-de Gurluşyk we senagat işgärleriniň güni mynasybetli zähmetiň öňdebaryjylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.