Elektron senagatynyň önümçlik düzümi giňeldilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi gülledip ösdürmek, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, önümçilige sanly ulgamy ornaşdyrmak, daşary ýurtdan getirilýän önümleriň ornuny tutýan we eksport ugurly önümçilikleri ýola goýmak, önümleriň görnüşlerini köpeltmek boýunça çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky «Nebitmaş» döwlet kärhanasy bilen bilelikde döredilen «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde birnäçe elektron önümleri öndürilýär we olar sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanýar. 

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti elektron enjamlaryny öndürmek babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenip, öz önümçilik işine 2017-nji ýylda ýyllyk kuwwatlylygy 8 million 440 müňe barabar bolan     dürli ölçegli LED lampalary we LED asylýan potolok çyralaryny öndürmek bilen başlady we häzirki günde dünýä standartlaryna laýyk gelýän, ýokary tehnologiýaly, ýurdumyzda import önümleriniň ornuny tutýan elektron önümleriň birnäçesi bilen üstüni doldurdy. Olardan çagalar üçin öwrediji kompýuterleriň we 1-nji synpa okuwa gidýän okuwçylar üçin netbuklaryň, planşetleriň, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny yşyklandyryjy prožektorlaryň, şeýle-de 32’, 42’, 55’, 65’ ölçegli «Tolkun», «Zemin», «Älem» brendli 4K telewizorlaryň önümçiligini, «Şowly» brendli monobloklaryň, «Aýtab» brendli planşetleriň, «Mylaýym» brendli split sowadyjylaryň, «Uçgun» brendli routerleriň, «Teşne» brendli suw paýlaýjy dispanser ulgamynyň, «Milli» brendli smartfon telefonlarynyň we «Körpe» brendli jübi telefonlarynyň önümçiligini görkezmek bolar.

Häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň ýakyndan berýän hemaýat-goldawlary netijesinde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesi bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy we elektron önümleriniň önümçiligini giňeltmek boýunça degişli işler geçirilýär. 

30-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde   Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikdäki kärhanasy bolan «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, dürli maksatlara niýetlenen plastik kartlaryň, ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň önümçiligini ýola goýmak baradaky teklip hödürlenildi.   

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda elektron senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de isleg bildirilýän önümleri öndürmäge aýratyn üns berilýär. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik berer. 

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, ýurdumyzda ýol hereketini sazlaýjy  dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň, dürli maksatly plastik kartlaryň öndürilmeginiň wajypdygyny belledi we mundan beýläk-de isleg bildirilýän önümleriň önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.