Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy: şanly ýylyň guwandyryjy netijeleri
Giňişleýin mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän gurluşyk-senagat hem-de energetika toplumynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.
Ýanwar – sentýabr aýlarynda gurluşyk we senagat toplumynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 147,2 göterim amal edildi. Şol sanda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 163,8 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle hem 11-nji oktýabrda geçirilen pudaklaýyn maslahatda 2022-nji ýylyň ýanwar – sentýabr aýlarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärhanalarynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary gerek bolan gurluşyk önümleri bilen üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberini we görnüşlerini artdyrmak, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek, eksport ugurly önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça ähli zerur bolan işleriň durmuşa geçirilýändigi hakynda hasabat berildi.
Hasabat döwründe «Bäherden» sement zawodynda 738,4 müň tonna sement öndürilip, 130,0 göterim ösüş depgini gazanyldy. Bu görkezijiler «Balkan» sement zawodynda 100,0 we 270,8 göterime we «Lebap» sement zawodynda hem 101,2 we 116,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe ministrligiň kän müdirliklerinde we hojalyklarynda magdan däl gurluşyk materiallarynyň jemi 7 144,1 müň metr kuby öndürilip, meýilnama 103,7 göterim ýerine ýetirildi. Dokuz aýyň dowamynda Büzmeýin etrabynyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 65 930,0 metr kub gurnama demirbeton öndürilip, meýilnama 127,4 göterim ýerine ýetirildi we 127,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 55 226,0 metr kub önüm öndürilip, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 107,9 göterime, ösüş depgini hem 108,3 göterime barabar boldy. Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynda 23 954,0 metr kub gurnama demirbeton öndürilip, önümçilik meýilnamasy 104,1 göterime, ösüş depgini hem 103,8 göterime deň boldy. Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda 16 005,1 metr kub gurnama demirbeton öndürilip, meýilnama 103,3 göterim ýerine ýetirildi we 103,3 göterim ösüş gazanyldy. Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 19 977,8 metr kub önüm öndürilip, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 102,6 göterime, ösüş depgini hem 103,5 göterime barabar boldy. «Polimer önümleri» zawodynda plastmas önümleriň öndürilişi 1 479,6 tonna bolup, meýilnama 102,0 göterim ýerine ýetirildi we 100,9 göterim ösüş depgini gazanyldy. «Türkmenmermer» ÝGPJ-de 22,200 inedördül metr örtgi materiallary öndürilip, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 107,8 göterime, ösüş depgini hem 106,7 göterime deň boldy.
Hasabat döwründe «Bäherden» sement zawodynda 148 370,5 müň manatlyk önüm öndürilip meýilnama 109,9 göterim ýerine ýetirildi we 183,3 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şeýle hem «Lebap» sement zawodynda 144 598,1 müň manatlyk önüm öndürildi we meýilnama 107,1 göterim ýerine ýetirilip, 155,9 göterim ösüş gazanyldy. Balkan kän müdirliginde 17 144,2 müň manatlyk önüm öndürilip, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 124,2 göterime we ösüş depgini 109,1 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň, Büzmeýin etrabynyň we Marynyň «Demirbetonönümleri» kärhanalarynda, Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynda, Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynda, Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda işleriň meýilnamasy artygy bilen ýerine ýetirildi.
Bulardan başga-da, «Nebitmaş» döwlet kärhanasynda bu görkezijiler degişlilikde 108,5 we 100,5 göterime, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda 108,4 we 153,6 göterime hem-de «Türkmenmermer» ÝGPJ-de 106,1 we 101,6 göterime, «Zarba» ýöriteleşdirilen döwlet kärhanasynda 117,4 we 109,3 göterime hem-de «Senagattaslama» taslama institutynda 108,3 we 115,7 göterime barabar boldy.
Gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklaýyn maslahatynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Şu ýyly gowy netijeler bilen tamamlamak üçin hemmeler yhlas bilen işlemelidir, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn netijeleri gazanmak we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak babatda çäreleri görmek zerurdyr» diýen sözlerinden ugur alyp, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.