Senagat önümçiligi yzygiderli artýar
Milli ykdysadyýetimiziň buýsançly ösüşlerine Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi hem-de garamagyndaky edara-kärhanalary özleriniň mynasyp goşantlaryny goşup gelýärler. Pudakda ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly oňat netijelere beslendi. 2020-nji ýylyň ýanwar – dekabr aýlarynda ministrlik boýunça jemi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 107,9 göterime barabar boldy.
Ministrligiň edara-kärhanalary 2020-nji ýyly oňat görkezijiler bilen jemlediler. Aýratyn hem şu kärhanalaryň gazanan zähmet üstünlikleri bellenilmäge mynasypdyr.
2020-nji ýylyň ýanwar – dekabr aýlarynda Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 138,9 göterim ýerine ýetirildi we 148,7 göterim ösüş depgini gazanyldy. Ministrligiň Aşagabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasynda bu görkezijiler degişlilikde 138,0 we 139,9 göterime, Bereket kän hojalygynda 121,1 we 127,9 göterime, Kaka kän müdirliginde 106,3 we 118,7 göterime, «Polimer önümleri» zawodynda 109,8 we 117,5 göterime barabar boldy.
Şu günki günde ministrligiň we garamagyndaky edara-kärhanalaryň agzybir işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamalaryny we kararlaryny, ministrligiň öňünde goýulýan wezipeleri ýerine ýetirmek, geljekde ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.