Gurluşyklary, pudaklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk armaturasy bilen üpjün etmek ugrunda

2022-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şol sanda ýurdumyzda güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere, pudaklarda durmuşa geçirilýän wajyp çärelere garaldy we beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.  

Mejlisde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow beýleki meseleler bilen bir hatarda gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.  

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin Diýarymyzyň ähli künjeginde amala aşyrylýan gurluşyk işlerini, senagatyň beýleki pudaklaryny, ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek üçin ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalary doly güýjünde we bökdençsiz işletmek boýunça ähli zerur bolan çäreler görülýär.  

Ministrligiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň senagat zolagynda ýerleşýän “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasy ýurdumyzyň metallurgiýa senagatynyň ilkinji iri we kuwwatly düzümleriniň biri hasplanylýar. Häzirki wagtda bu kärhana ýurdumyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyklary hil ülňülerine laýyk gelýän gurluşyk armaturasy bilen esasy üpjün ediji bolup durýar.  

Şunuň bilen baglylykda Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynda abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirmegiň, onuň önümçilikde zerur bolan himiki serişdeler, oda çydamly materiallar hem-de ätiýaçlyk şaýlary bilen üznüksiz üpjün edilmeginiň möhümdigi barada habar berildi hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleriň taslamalary hödürlenildi.  

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, degişli toplumlaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi we gurluşyk senagatynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, onuň kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagynyň, gurluşyk serişdelerini öndürmäge ýöriteleşdirilen pudaklaýyn düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary görmegi tabşyrdy.