Melhemler dünýäsiniň beýany

Biziň il saglygy ýurt baýlygyna deňelýän ajaýyp ýurdumyz bar. Agzybir halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgeleri — ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikleriň gözbaşy hem-de binýady. Hut şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda öňde goýlan maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Bu günki günde ýurdumyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän milli saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen hassahanalaryň, şypahanalaryň, saglyk öýleriniň, saglygy goraýyş merkezleriniň, sport desgalarynyň we derman kärhanalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi halkymyzyň saglygyny berkitmek, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak babatda uly öňegidişlikleriň gazanylmagyna oňyn täsirini ýetirýär.  

Adam hakdaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy özenini düzýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip bellenilen. Şu nukdaýnazardan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda milletimiziň genefondunyň has-da berkemegine, ilatymyzyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna, sagdyn bedenli we sagdyn ruhly nesliň kemala getirilmegine ägirt uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby saglygy goraýyş ulgamynda täze sahypalary açyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bilen göwünleri ganatlanýan halkymyzy, raýatlaryň saglygynyň goragynda durýan lukmanlary biçak begendirdi.  

Kitabyň jiltleriniň dürli dünýä dillerinde okyjylar köpçüligine ýetirilmegi bu düýpli işiň ylmy gymmatyny has-da artdyrýar. Ýaňy-ýakynda bu kitabyň 14-nji jildiniň çap bolmagy saglygy goraýyş pudagynyň hünärmenleri bilen bilelikde ähli halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Diňe öz ata Watanymyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem giň meşhurlyga eýe bolan bu köp jiltli kitabyň sahypalarynda güneşli Diýarymyzyň melhemlik ösümlikleriniň şypaly häsiýetleri hem-de olary ylmy lukmançylykda, tebipçilikde ýerlikli ulanmagyň şertleri giňişleýin teswirlenilýär.  

Ýene-de bir bellemeli zatlaryň biri, kitapda dermanlyk ösümlikleriň türkmençe, latynça, rusça sözlügi, ýygnamagyň senenamasy, saklanyş möhleti baradaky maglumatlaryň berilmegi, degişli suratlar bilen bezelmegi okyjylaryň uly ünsüni çekýär, bu ugurdaky düşünjeleriniň giň bolmagyna şert döredýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň esasy gollanmasyna öwrülen bu neşir ählihalk tarapyndan hem gyzgyn garşylandy. Sebäbi onda ösümliklerden nähili peýdalanmalydygy jikme-jik beýan edilýär.  

Özboluşly tebigatymyzyň gözelliklerine, aýratynlyklaryna we bahasyna ýetip bolmajak baýlyklaryna örän ýokary gadyr goýup ýazylan bu ägirt uly ylmy işiň çap edilip, okyjylaryň dykgatyna ýetirilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyza bimöçber söýgüsini ulus ile ýaýdy. Goý, mundan beýläk hem adam saglygy baradaky aladany ilkinji nobatda goýýan eziz Arkadagymyzyň kitaplarynyň höwri köp bolsun! Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, sagdyn bolmagy, ýurdumyzyň ykdysady taýdan öňe gitmegi, halkara abraýynyň gün-günden ýokarlanmagy ugrunda alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!