Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan açyk görnüşli halkara bäsleşigi yglan edildi
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 50 000 tonna barabar bolan kalsit öndürýän önümhanany doly taýýar edip gurup tabşyrmak şerti bilen gurmak barada açyk görnüşli halkara bäsleşigi yglan edildi.
Bäsleşige teklipler şu bildirişiň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen gününden 30 (otuz) iş senenama gününiň dowamynda aşakdaky salgyda kabul edilýär:
Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.
Ýokarda kesgitlenen möhletinden gijä galnyp gowşan teklipler kabul edilmeýär we olara seredilmeýär.
Açyk görnüşli halkara bäsleşiginiň yglan edilendigi baradaky bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 2022-nji ýylyň 27-nji oktýabryndaky №281 (30313) sanynda çap edildi.
Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri: 39-00-33, 39-00-17, 39-00-19, 39-00-21.