Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan açyk görnüşli halkara bäsleşigi yglan edildi
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan 2022-nji ýylyň 3-nji noýabrynda «Нейтральный Туркменистан» gazetinde Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde laminat düşegini öndürýän önümhananyň taslamasyny düzmek hem-de ony doly taýýar edip gurup tabşyrmak şerti bilen gurmak barada açyk görnüşli halkara bäsleşigi yglan edildi.
Bäsleşige teklipler şu bildirişiň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen gününden 30 (otuz) iş senenama gününiň dowamynda aşakdaky salgyda kabul edilýär:
Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.
Ýokarda kesgitlenen möhletinden gijä galnyp gowşan teklipler kabul edilmeýär we olara seredilmeýär.
Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri: 39-00-33, 39-00-17, 39-00-19, 39-00-21.