Ählihalk bag ekmek dabarasy guramaçylykly geçirildi
Gahryman Arkadagymyzyň tutumly işlerini giňden dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz Garaşsyz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada uly wezipeleri öňde goýmak bilen, olaryň üstünlikli berjaý edilmegine çäksiz goldaw berýär. Şonuň netijesinde-de şäherlerimiziň, obalarymyzyň çäklerinde, töwereklerinde, sähra-çöl meýdanlarynda gür baglary, tokaý zolaklaryny döretmek ugrunda derwaýys çäreler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda bag ekmek möwsümine uly dabaralar bilen badalga berlip, bu çäräniň guramaçylykly dowam etdirilmegi möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Häzirki dowam edýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda has hem giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Şu ýylyň 5-nji noýabrynda tutuş ýurdumyz boýunça ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda badalga berildi. Bu günde başlanan güýzki bag ekişligiň hem esasy maksady mähriban Watanymyzyň tebigatyny has gözelleşdirmekden, daragtlaryň, ösümlikleriň nahallaryny oturdyp, ekologik durnuklylygy gowulandyrmakdan ybarat bolup durýar.
Her ýylda guralýan bu möhüm çäre Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Oňa ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümindäki guramalaryň we edara-kärhanalaryň işgärleri işeňňir gatnaşýarlar hem-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaş bag nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdylýar. Şeýle işler şu ýylyň baharynda hem uly ruhubelentlik bilen geçirildi we 5-nji noýabrda bag ekmekligiň güýzki möwsümine guramaçylykly başlanyldy.
Ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň merkezi edarasynyň we garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine giňden taýýarlyk gördüler we bag ekmek çärelerine işeňňir gatnaşdylar.
Şu ýylyň güýzki möwsüminiň badalga berlen gününde ministrligiň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda we töwereklerinde, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýerleşýän bag meýdanlarynda we tokaý zolaklarynda 7300-e golaý saýaly we pürli, şol sanda 100-den gowrak miweli baglar we üzüm nahallary oturdyldy. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň töwereklerindäki hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky bag meýdanlarynda 30 000-e golaý baglara ideg edildi.
Bütin dünýäde ekologiýa abadançylygynyň möhüm şerti bolan köpçülikleýin bag ekiş çäreleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly wakalarynyň biri boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň güýzünde badalga alan bu döwletli işler ajaýyp zamanamyza täze görk berip, mähriban halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy.