Şanly ýylda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň guwandyryjy netijeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylýan üstünlikler her birimizde buýsanç duýgularyny döredýär. 4-nji noýabrda  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 10 aýynyň jemleri boýunça sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetimizde gazanylan oňat görkezijileriň bellenilmegi, ýurdumyzyň ähli ugurlarda ýokary depginler bilen ösýändigini görkezýär.  

Mejlisde şu ýylyň 10 aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.  

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän gurluşyk-senagat hem-de energetika toplumynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.  

Ýanwar – oktýabr aýlarynda gurluşyk we senagat toplumynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyna 143,2 göterim amal edildi. Mejlisde toplumyň ähli pudaklarynda önümleri öndürmegiň we ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalarynyň ýokary görkezijiler bilen berjaý edilendigi bellenildi. Şol sanda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 162,7 göterime deň boldy.  

Soňra wise-premýer milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, hususan-da gurluşyk senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasbat berdi.  

Ýurdumyzyň giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklaryny we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny zerur bolan ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek, hereket edýän önümçilikleri, hususan-da, sement zawodlaryny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak üçin degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.  

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, resminamanyň talaba laýyk ýerine ýetirilmegine gözegçiligi üpjün etmek barada görkezme berdi.  

      Şeýle hem 5-nji noýabrda geçirilen pudaklaýyn maslahatda 2022-nji ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärhanalarynda ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary gerek bolan gurluşyk önümleri bilen üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberini we görnüşlerini artdyrmak, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek, eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça ähli zerur bolan işleriň durmuşa geçirilýändigi hakynda hasabat berildi.

    Hasabat döwründe ministrligiň sement zawodlarynda 2 417,709 müň tonna sement öndürilip, 145,9 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şeýle hem ýanwar – oktýabr aýlarynda ministrligiň kän müdirliklerinde we hojalyklarynda magdan däl gurluşyk materiallarynyň jemi 7 910,3 müň metr kuby öndürilip, meýilnama 104,6 göterim ýerine ýetirildi. On aýyň dowamynda Büzmeýin etrabynyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 73 321,0 metr kub gurnama demirbeton öndürilip, meýilnama 125,8 göterim ýerine ýetirildi we 123,9 göterim ösüş depgini gazanyldy. Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 61 387,0 metr kub önüm öndürilip, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 111,6 göterime, ösüş depgini hem 107,5 göterime barabar boldy. Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynda 25 705,0 metr kub gurnama demirbeton öndürilip, önümçilik meýilnamasy 107,1 göterime, ösüş depgini hem 103,8 göterime deň boldy. Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda 17 755,2 metr kub gurnama demirbeton öndürilip, meýilnama 111,0 göterim ýerine ýetirildi we 107,7 göterim ösüş gazanyldy. Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynda 22 352,9 metr kub önüm öndürilip, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 117,6 göterime, ösüş depgini hem 107,7 göterime barabar boldy. «Polimer önümleri» zawodynda plastmas turbalaryň öndürilişi 1 577,9 tonna bolup, meýilnama 105,2 göterim ýerine ýetirildi we 100,6 göterim ösüş depgini gazanyldy. «Türkmenmermer» ÝGPJ-de 24,990 inedördül metr örtgi materiallary öndürilip, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 109,1 göterime, ösüş depgini hem 106,8 göterime deň boldy.

    Hasabat döwründe «Bäherden» sement zawodynda 166 254,6 müň manatlyk önüm öndürilip, meýilnama 103,9 göterim ýerine ýetirildi we 200,7 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şeýle hem «Lebap» sement zawodynda 161 398,5 müň manatlyk önüm öndürildi we meýilnama 107,6 göterim ýerine ýetirilip, 154,1 göterim ösüş gazanyldy. «Balkan» sement zawodynda hem 148 758,8 müň manatlyk önüm öndürildi we meýilnama 102,6 göterim ýerine ýetirilip, 289,5 göterim ösüş gazanyldy. Balkan kän müdirliginde 19 180,5 müň manatlyk önüm öndürilip, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 121,0  göterime we ösüş depgini 102,3 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň, Büzmeýin etrabynyň we Marynyň «Demirbetonönümleri» kärhanalarynda, Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynda, Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynda, Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda işleriň meýilnamasy artygy bilen ýerine ýetirildi.  

Bulardan başga-da, Ýaşlyk keramzit zawodynda bu görkezijiler degişlilikde 102,5 we 136,0 göterime,  «Nebitmaş» döwlet kärhanasynda 108,5 we 100,5 göterime,  «Polimer önümleri» zawodynda 106,9 we 147,5 göterime,  Demir mehaniki kärhanasynda 100,7 we 102,9 göterime, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda 108,3 we 147,6 göterime hem-de «Türkmenmermer» ÝGPJ-de 107,1 we 101,5 göterime, «Zarba» ýöriteleşdirilen döwlet kärhanasynda 120,4 we 110,1 göterime hem-de «Senagattaslama» taslama institutynda 108,5 we 115,9 göterime barabar boldy.    

    Gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklaýyn maslahatynda çykyş edenler şu ýylyň on aýynda pudaklarda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Türkmenistan döwletimiziň göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda üstünlikli ösmegini dowam etdirýändigini aýdyň görkezýändigini nygtap, gelekde-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly we tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.