Kaolin öndürýän döwrebap önümhana işe giriziler
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda alyp barýan öňdengörüjilikli ykdysady strategiýasy esasynda ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar we Garaşsyz döwletimiz senagat taýdan ösen ýurtlaryň hataryna ynamly goşulýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň sebitlerinde gurulýan iri senagat desgalary we önümçiliklerde çig mal hökmünde giňden ulanylýan önümleri öndürmäge niýetlenen önümhanalar hem aýdyň subutnamadyr. Netijede senagat pudagyny ösdürmek we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar, pudak boýunça ileri tutulýan önümçilikleriň çägi has-da giňeldilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri bilen bir hatarda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, dürli pudaklar üçin zerur bolan önümleriň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Aýratyn hem Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilendigi, häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde ýerleşýän şu açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli kaolin önümhanasynyň durkuny täzelemek we düýpli abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirmek bilen baglylykda ýerine ýetirilýän işleriň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy bellenildi.
Ýyllyk taslama kuwwatlylygy ýokary hilli, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň 20 müň tonnasyna barabar bolan önümhana daşary ýurtlaryň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary hem-de tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Önümhananyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde 70-den gowrak täze iş orunlary dörediler. Kaolin Türkmenistanda hereket edýän önümçilikleriň birnäçesinde, hususan-da, keramika, sanfaýans we gap-gaç önümçiliklerinde çig mal hökmünde giňden ulanylýar. Önümhanada öndüriljek önümi içerki bazarda ýerlemek we daşary ýurtlara ibermek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky meseleleri üstünlikli çözmek maksady bilen, kuwwatly senagat toplumyny, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýän gurluşyk senagatyny döretmek, ugurdaş düzümi döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Türkmenistan baý tebigy serişdelere eýedir. Munuň özi zerur çig mal binýadynyň bolmagyny şertlendirýär. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň agzybir işgärleri hormatly Prezidentimiziň maksatnamalaryny we çykarýan kararlaryny, berýän wajyp tabşyryklaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmek üçin tutanýerli zähmet çekýärler we ähli zerur işleri alyp barýarlar.